Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 31-nji maslahatynyň (COP-31) çäklerinde Antalýada geçirilen halkara duşuşyklara we pikir alyşmalara işjeň gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekologik tehnologiýalary ornaşdyrmak we ýaş nesliň ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Orient» neşiri habar berýär.

Halkara maslahatda Merkezi Aziýa döwletleri serhetüsti suw serişdeleriniň durnukly dolandyrylmagy, howanyň üýtgemegi sebäpli ýüze çykýan ýitgileri we zyýany bahalandyrmak, önümçilikde ekologik standartlary ýakynlaşdyrmak hem-de tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça umumy garaýyşlaryny beýan etdiler.

Türkmenistan maslahatyň «Gök zolak» diýlip atlandyrylýan böleginde Milli pawilionyny açyp, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ekologik meseleleri boýunça pikir alyşmalar üçin meýdança döretdi. Türkmen wekiliýetiniň işinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren strategik başlangyçlary aýratyn orun eýeledi.

Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy hem hödürlendi. Bu merkeziň sebit ýurtlarynyň arasynda ekologik tehnologiýalary alyşmak, gurakçylyga we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de COP-31-iň çäklerinde «Jemgyýetçilik guramalary we howa çözgütleri: ýerli başlangyçlardan ählumumy hereketlere çenli» atly bäşinji tematiki mejlis geçirildi. Onda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew çykyş edip, ýurtda ýaş nesliň ekologik medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdi.

Onuň bellemegine görä, Türkmenistanda ekologik terbiýeçilik işi çagalar bagyndan başlanýar. 2025–2026-njy okuw ýylyndan bäri mekdebe çenli çagalar edaralarynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça ÝUNISEF bilen bilelikde taýýarlanan okuw maksatnamalary hem-de gollanmalar ulanylýar. Çagalar oýunlaryň üsti bilen tebigata aýawly çemeleşmegiň ähmiýetine düşünýärler.

Mekdeplerde bolsa howa bilen bagly temalar okuw dersleriniň mazmunyna girizilýär. Tebigat, ykdysadyýet we tehnologiýa bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýan sapaklar üçin halkara hyzmatdaşlaryň goldawynda müňlerçe usuly gollanma ýaýradyldy. Şeýle hem «Howa gutusy» atly okuw toplumy ornaşdyryldy.

Ekologik bilimleri tejribede berkitmek maksady bilen, «Ýaşyl mekdep» maksatnamasy hem durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda synag görnüşinde alnyp barylýan bu başlangyç 120 sany türkmen mekdebini öz içine alýar. 2030-njy ýyla çenli maksatnama gatnaşýan mekdepleriň sanyny 500-e ýetirmek meýilleşdirilýär. Mary şäherindäki 36-njy orta mekdepde gün energiýasy stansiýasynyň maglumatlarynyň okuw sapaklarynda peýdalanylmagy bu işiň anyk mysallarynyň biri hökmünde görkezildi.

Azat Ataýewiň çykyşynda ýaşlaryň ekologik başlangyçlara gatnaşmagyna hem aýratyn üns berildi. Olar «Ýaşyl başarnyklar» bäsleşiginiň çäklerinde taslamalary taýýarlaýarlar, COP-31 üçin ýaşlaryň Milli ýüzlenmesini işläp düzmäge gatnaşýarlar we YOUNGO toparyna hödürlenjek teklipleri taýýarlaýarlar. Şeýle hem ýaş wekiller Türkmenistanyň Milli pawilionynda geçirilen çärelere gatnaşdylar.

Ekologik sowatlylygy hünär taýýarlygy bilen utgaşdyrmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Ýurtda 18 sany tehniki hünär okuw mekdebinde ekologiýa dersi hökmany esasda öwredilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energetika menejmenti boýunça dersler okadylýar. Mundan başga-da, Wodorod energetikasy merkezi döredildi. «Geljegiň hünärleriniň atlasy» atly resminamada bolsa geljekde isleg bildiriljek 13 sany «ýaşyl» hünär kesgitlenildi.

ÝUNESKO-nyň ekologik bilim boýunça kafedrasynyň işi we mugallymlary taýýarlamak boýunça täze maksatnamalar hem bu ugurdaky işleriň dowamlylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Aziýa ösüş banky bilen bilelikde işlenip taýýarlanylýan ýol kartasynyň çäklerinde zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, 11-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlarynyň bilim ulgamynda hem öz beýanyny tapýandygy bellenildi. Howanyň durnuklylygy boýunça onýyllygyň çäklerinde howpsuz mekdepleri döretmek we her bir çaganyň bilim almagyny üpjün etmek, Sanly atlasyň üsti bilen mekdep okuwçylarynyň gözegçilik maglumatlaryny toplamak, Sebit tehnologiýalar merkeziniň işine Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagyny ýola goýmak ýaly ugurlar teklip edilýär.

Şeýle hem 11-nji noýabrda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Antalýada «Çagalar, ýaşlar we howa boýunça hereketler» atly Jarnama gol çekdi. Resminama ýaş nesliň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň çözgüdine gatnaşmagy üçin mümkinçilikleri giňeltmegi we Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýaşlar dialogynyň hem-de Aşgabat howa dialogynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.

Maslahatda öňe sürlen pikirler howa syýasatynyň diňe bir tehnologiýalary we ykdysady çäreleri däl, eýsem, adamlaryň ekologik düşünjesini hem öz içine almalydygyny görkezdi. Türkmenistanda çagalar bagyndan başlap, mekdeplerde, hünär okuw mekdeplerinde we ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan işler ýaşlaryň tebigata jogapkärli garaýyşda terbiýelenmegine gönükdirilendir.

Häzirki wagtda bilim alýan ýaş nesil geljekde ýurduň we sebitiň howa boýunça kabul edýän uzak möhletli borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine gatnaşjak hünärmenlerdir.