Şu gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Yslam Respublikasy Pakistan Garaşsyzlygynyň 79 ýyllygyna we Pakistan döwletiniň düýbüni tutujy Muhammet Aly Jinnanyň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy. Çäräniň çäklerinde Kaid-i-Azamyň durmuşyna we alyp baran işine bagyşlanan sergi hem guraldy.
Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Darýa Faýhal çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň sözlerine görä, bu gatnaşyklar özara hormat goýmaga, umumy medeni gymmatlyklara hem-de parahatçylyga, durnuklylyga we energetika howpsuzlygyna ygrarlylyga esaslanýar.
Ilçi Pakistanyň 1992-nji ýylda Türkmenistanyň özygtyýarlygyny ykrar eden ikinji ýurt bolandygyny, türkmen Bitaraplyk syýasatynyň ilkinji gezek Yslamabatda beýan edilendigini we 1995-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde goldaw tapandygyny ýatlatdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş edip, Pakistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan gutlaglary ýetirip, bu senäniň Muhammet Aly Jinnanyň doglan gününiň 150 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň ähmiýetini belledi.
Raşid Meredow iki ýurdy birikdirýän infrastrukturalaýyn taslamalara, şol sanda TOPH gaz geçirijisine hem-de Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugru boýunça elektrik geçiriji we süýümli-optiki aragatnaşyk ulgamlaryny gurluşyk taslamalaryna aýratyn üns berip, olaryň ýakyn wagtda amala aşyrylmagynyň dowam etjekdigine ynam bildirdi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.