Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýetginjekler ýygyndysy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen «RAF Next Gen Abu Dhabi 2026» atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, jemi 7 medala mynasyp boldy. Türkmen türgenleriniň gazanan medallarynyň üçüsi altyn, ikisi kümüş, ýene ikisi bolsa bürünç medallardyr.
Ýaryşda altyn medallara mynasyp bolan türgenler:
Yklym Gaýtnazarow — 30–34 kg;
Idris Melejaýew — 71 kg;
Ahmet Baýramow — 92 kg.
Kümüş medal gazanan türgenler:
Ýusup Baýramow — 75 kg;
Hajy Gaýtnazarow — 38 kg.
Bürünç medallaryň eýeleri:
Ybraýym Babalyýew — 34 kg;
Salyh Nurmuhammedow — 38 kg.
«Amulinfo» saýtynyň redaksiýasy ýaş pälwanlary halkara ýaryşda gazanan üstünlikleri bilen şeýle-de türgenleri ýaryşa taýýarlan tälimçileri tüýs ýürekden gutlaýar.
Ýaş pälwanlara geljekki ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş etmegi, täze ýeňişleri gazanmagy we Türkmenistanyň sport abraýyny has-da belende götermegi arzuw edýäris!











Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.