22-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki «Watan» kinokonsert merkezinde «Pariž — meniň söýgim» («Paris mon amour») atly konsert maksatnamasy hödürlener. Halkara bäsleşikleriň laureaty Annoraz Döwletowyň ýolbaşçylygyndaky «Melodiýa» orkestri tomaşaçylary fransuz aýdym-saz sungatynyň meşhur eserleri bilen tanyşdyrar.
Konsertiň maksatnamasy nusgawy fransuz estrada aýdymlaryny, dünýä meşhur kompozisiýalary we häzirki zaman aýdym-saz eserlerini öz içine alýar. Dürli nesilleriň diňleýjilerine niýetlenen bu sazly agşam söýgi, şatlyk, küýseg we umyt ýaly duýgulary beýan edýän eserleri bir ýere jemlär.
Konsertde fransuz aýdym-saz sungatynyň görnükli wekilleri Edit Piaf, Şarl Aznawur, Jo Dassen we Lara Fabian ýaly meşhur aýdymçylaryň repertuaryndan eserler ýaňlanar. Şeýle-de tomaşaçylar Garu, Indila we Barbara Pravi ýaly ýerine ýetirijileriň aýdymlaryny orkestriň täze sazlaşygynda diňlemäge mümkinçilik alarlar.
Maksatnamanyň aýratynlygy dürli döwürlere degişli aýdymlaryň bir sazly kompozisiýada birleşdirilmeginden ybaratdyr. Geçen asyryň meşhur şanson eserlerinden başlap, häzirki zaman fransuz pop-sazyna çenli uzalýan bu sazly ýol diňleýjilere fransuz medeniýetiniň baýlygyny açyp görkezer.
«Melodiýa» orkestriniň sazandalary konsert üçin ýörite orkestr sazlaşyklaryny taýýarladylar. Bu täze sazlaşyklar meşhur aýdymlaryň özboluşly häsiýetini saklamak bilen, olara has giň we täsirli ses öwüşginini berer. Annoraz Döwletowyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetiriljek eserler janly sazlaşygy we çeperçilik aýratynlyklary bilen tapawutlanar.
«Pariž — meniň söýgim» konserti diňleýjilere Fransiýanyň paýtagtynyň romantik ruhuny saz arkaly duýmaga mümkinçilik berer. Parižiň medeni atmosferasyny, fransuz aýdym-sazynyň inçe öwüşginlerini we dünýä meşhur eserleriň täsirini özünde jemleýän bu döredijilik agşamy paýtagtymyzyň medeni durmuşynda garaşylýan wakalaryň biri bolar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.