10–12-nji oktýabrda Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryna bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçiriler.
Halkara çäre Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalaryny, degişli guramalaryny, bilermenlerini we ugurdaş pudaklaryň wekillerini bir meýdançada jemlär.
Çäräniň esasy maksady saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda häzirki zaman tehnologiýalaryny we täze çözgütleri tanyşdyrmak, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat.
Üç günüň dowamynda sergi bilen bir hatarda B2B we B2G duşuşyklary, bilermenleriň pikir alyşmalary, täze tehnologiýalaryň tanyşdyrylyşlary we ussatlyk sapaklary geçiriler.
Saglygy goraýyş
Lukmançylyk ugry boýunça içerki keseller, newrologiýa we dikeldiş bejergisi, kardiologiýa we kardiohirurgiýa, onkologiýa, oftalmologiýa, ýokanç keseller, ene we çaganyň saglygyny goramak, hirurgiýa, jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem sanly lukmançylyk, barlaghana we funksional-diagnostiki barlaglar, ýokanç däl keselleriň patofiziologik meseleleri, fiziologiýa, plastik we rekonstruktiw hirurgiýa, estetiki lukmançylyk ýaly ugurlara aýratyn üns berler.
Bilim we innowasiýalar
Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurt dillerini okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek, ylym bilen innowasion tehnologiýalaryň arabaglanyşygy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we sanly ykdysadyýeti durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Sport we ylym
Sport ulgamynda hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylyşy, milli ýygyndy toparlaryny öňde boljak Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamagyň ugurlary, olimpiýa filosofiýasy we ýaş nesilde sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek ýaly meseleler boýunça pikir alşylar geçiriler.
Mundan başga-da, tebigy we takyk ylymlar, şeýle hem innowasion tehnologiýalar bilen baglanyşykly täze çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşylar.
Halkara sergide lukmançylyk tehnologiýalaryndan we farmasewtikadan başlap, bilim maksatnamalaryna, sport enjamlaryna, fitnes we dikeldiş çözgütlerine çenli dürli ugurlardaky täze önümler we hyzmatlar görkeziler.
Çärä gatnaşyjylar täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, tejribe alyşmaga we Türkmenistanda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga şert alarlar.
Üç ugur. Üç gün. Bir halkara meýdança.
Çäre barada giňişleýin maglumat üçin:contact@turkmenexpo.com
saglyk.turkmenexpo.com







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.