Aşgabatda täze doglan we irki ýaşdaky çagalaryň intensiw bejergisi boýunça milli okuw maksatnamasyny üstünlikli tamamlan lukmanlara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi. 2025–2026-njy ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) tehniki goldawy bilen amala aşyrylan maksatnama ýurduň ähli sebitlerinden 300-den gowrak lukmany we beýleki saglygy goraýyş hünärmenlerini öz içine aldy.
Okuw maksatnamasyna neonatologlar, anesteziolog-reanimatologlar, akuşer-ginekologlar, şeýle hem lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Okuwlaryň dowamynda nazary sapaklar bilen bir hatarda, Milli simulýasiýa merkezinde we paýtagtyň hem-de welaýatlaryň öňdebaryjy lukmançylyk edaralarynda amaly türgenleşikler geçirildi.
Hünärmenler çylşyrymly kliniki ýagdaýlarda hereket etmegiň usullaryny öwrenip, gyssagly lukmançylyk kömegini bermek boýunça häzirki zaman algoritmlerini özleşdirdiler. Şeýle hem Belarusdan gelen halkara bilermenleriň tejribesi bilen tanyşdylar.
Maksatnamanyň möhüm netijeleriniň biri hökmünde agyr ýagdaýdaky çagalaryň saglygyny dikeltmek we olara ideg etmek boýunça 12 sany täze standart iş tertibiniň ýurduň öňdebaryjy lukmançylyk edaralarynda ornaşdyrylmagy görkezilýär.
Mundan başga-da, welaýatlarda ýörite taýýarlykdan geçen milli tälimçileriň topary döredildi. Olar öz sebitlerinde beýleki lukmanlara häzirki zaman bejeriş usullaryny öwretmegi dowam etdirerler. Bu bolsa hünärmenleriň bilimini yzygiderli ýokarlandyrmaga we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Bu işler Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde milli saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçiliklerini berkitmäge goşant goşar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.