
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem çagalaryň saglygyny goramak we olaryň döwrebap şertlerde kemala gelmegini üpjün etmek ugrunda döwrebap lukmançylyk hem-de bilim düzümleri üstünlikli hereket edýär. Çagalar saglygy goraýyş edaralary dünýäniň iň kämil we döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde eneleriň hem-de çagalaryň saglygyny goramak boýunça yzygiderli amala aşyrylýan düýpli barlaglar we keselleriň öňüni alyş çäreleri sagdyn nesilleriň ýetişmeginde möhüm kepillik bolup hyzmat edýär. Döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň netijesinde, çagalara diňe bir lukmançylyk kömegi däl, eýsem, olaryň jemgyýete uýgunlaşmagy üçin hem hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.
Şeýle aladanyň aýdyň nusgalarynyň biri hem welaýat Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumydyr. Bu ýerde körpejeler 6 ýaşyna çenli çagalar bagy bölüminde terbiýelenilseler, soňra bolsa toplumyň ýörite mekdep bölüminde okuwlaryny dowam etdirýärler. Toplumyň okuw, terbiýeçilik we ýaşaýyş binalary dünýä standartlaryna laýyk gelýän ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Bu döwrebap toplumyň iň esasy aýratynlygy we artykmaçlygy — çagalaryň şol bir wagtyň özünde hem kämil bilim almaklaryna, hem saglyklaryny yzygiderli dikeltmeklerine, şeýle-de boş wagtlaryny şadýan we täsirli geçirmeklerine mümkinçilik berýän oňyn şertleriň bitewi bir ulgamda jemlenendigidir.
Keywords