
MOSKWA, Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň medeni gatnaşyklary — Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde teatr sungatyny ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm waka bolup geçdi. Russiýa Federasiýasynyň teatr işgärleri Birleşiginiň guramagynda guralan «Halkara teatr hyzmatdaşlygy» atly hünär kämilleşdiriş okuw hepdeligine Türkmenistandan hem ýaş we zehinli hünärmenler topary gatnaşdy.
11 sany döwletden 30-dan gowrak hünärmeni jemlän bu giň göwrümli çärä Türkmenistandan hem medeniýet ulgamynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Olaryň hatarynda:
13–18-nji iýuly aralygyny öz içine alan bu saparyň dowamynda türkmenistanly hünärmenler Russiýanyň öňdebaryjy teatrlarynda zähmet çekýän tejribeli režissýorlar, kino we teatr artistleri hem-de suratkeşler tarapyndan guralan ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar.
Okuw hepdeliginiň maksatnamasy örän baý bolup, ol «BRIKS we GDA döwletleriniň teatr kartasy», «Halkara teatr taslamasy: döredijilik pikirinden sahna çenli», «Ýaşlaryň we medeniýetleriň dialogy» ýaly wajyp mowzuklary öz içine aldy. Bu sapar ýaş teatr işgärlerine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, täze döredijilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge we dünýä teatr tejribesini öwrenmäge uly mümkinçilik döretdi.
Hünär kämilleşdiriş okuw saparynyň çäginde ýurdumyzyň wekilleri üçin Moskwanyň meşhur medeniýet ojaklaryna gyzykly gezelençler guraldy. Olar şäheriň Mossowet adyndaky teatryna we dünýä belli Moskwanyň Uly teatryna baryp gördüler. Şeýle hem ýaşlar bu teatrlarda sahnalaşdyrylan Mossowet teatrynyň «R.R.R.» hem-de Uly teatryny uly üns bilen synlan «Anna Korenina» spektakllaryna tomaşa etdiler. Bu sahna eserlerinde ulanylan döwrebap saz bezegleri, ýagtylandyryş we egin-eşik ulgamynyň täzeçil usullary türkmenistanly hünärmenler üçin hakyky tejribe mekdebi boldy.
2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda bu halkara okuw hepdeligine gatnaşyjylaryň rus teatr sungatynyň düýbüni tutujylarynyň hem-de režissura sungatynyň görnükli wekilleriniň biri K.Stanislawskiniň öý muzeýine baryp görmekleri hem-de dünýä belli teatr nazaryýetçisiniň teatr sungatyny ösdürmek boýunça ýazan kitaplary, döredijilik mirasy bilen tanyşmaklary ýaşlar üçin örän ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Mundan başga-da, halkara okuw hepdeliginiň dowamynda türkmenistanly döredijilik wekiliýeti üçin Moskwanyň kitaphanalaryna, muzeýlerine we beýleki medeniýet ojaklaryna tanyşdyrylyş gezelençleri guraldy.
Keywords