
Şu ýylyň 5 — 7-nji iýuny aralygynda Türkmenistanda giň gerimli halkara medeni çäre guralyp, onuň çäklerinde Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Iki dostlukly döwletiň döredijilik gatnaşyklaryny täze sepgitlere ýokary götermäge gönükdirilen bu dabaraly çäreleriň maksatnamasy bilelikdäki konsertleri, kino görkezilişlerini, tematik sergileri hem-de ylmy maslahatlary öz içine alýar.
Bu medeni çäräniň resmi açylyşy 5-nji iýunda badalga alar. Şol gün dabaraly çäreler «Aşgabat» kinoteatrynda azerbaýjan kinofilmleriniň görkezilişi bilen başlap, sagat 10:00-da «Tagyýew: Nebit» hem-de sagat 13:00-da «Jennet baradaky arzuw» atly kinofilmler tomaşaçylara hödürlener. Şeýle-de şol gün sagat 15:00-da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň dür dänesi» atly serginiň açylyşy bolar. Medeniýet günleriniň dabaraly açylyş dabarasy bolsa sagat 17:30-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň baş sahnasynda guralar.
6-njy iýunda medeni çäreleriň dowamy Arkadag şäherine geçiler. Bu ýerde, Arkadag şäheriniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň ylmy jemgyýetçiliginiň gatnaşmagynda Döwletmämmet Azadynyň we Seýid Ezim Şirwaniniň edebi mirasyna bagyşlanan ylmy maslahat geçiriler. Şol gün sagat 16:00-da şäher muzeýinde «Azerbaýjan — obýektiwden taryha tarap» atly fotosergi açylsa, sagat 18:00-da Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sport sirkiniň meýdançasynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň medeniýet hem-de sungat işgärleriniň gatnaşmagynda uly bilelikdäki konsert bolar.
Çäräniň jemleýji güni bolan 7-nji iýunda hem tomaşaçylara baý mazmunly maksatnama garaşýar. «Aşgabat» kinoteatrynda nusgawy we döwrebap kinematografiýanyň iň şowly eserleri görkeziler: sagat 10:00-da meşhur «Arşyn mal alan» filmi, sagat 13:00-da bolsa «Dogduk mekany» atly çeper film köpçülikleýin görkeziler. Üç günläp dowam etjek dostluk dabaralary sagat 19:00-da Mukamlar köşgünde geçiriljek Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy we bilelikdäki gala-konsert bilen jemlener.
Keywords