
Düýn Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan aşa yssy howanyň aýallaryň reproduktiw saglygyna ýetirýän täsirine bagyşlanan okuw maslahaty guraldy.
Bu çäräniň baş maksady milli hünärmenleri göwreli aýallarda ýylylyk stresini kliniki taýdan anyklamagyň häzirki zaman ylmy esasly çemeleşmeleri bilen tanyşdyrmakdan hem-de saglyk üçin döräp biljek töwekgelçilikleri azaltmak maksady bilen, aşa yssy şertlerde ideg işlerini uýtgetmegiň ýollaryny öwretmekden ybarat boldy.
Göni we onlaýn formatda geçirilen okuw maslahatyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Milli reproduktiw saglyk merkeziniň, Aşgabat şäherindäki Ene we çaga saglygyny goraglaýan ylmy-kliniki merkeziniň, «Ene mähri» merkeziniň wekilleri, şeýle hem M. Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň akuşerçilik we ginefologiýa kafedrasynyň işgärleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň saglygy goraýyş müdiriýetleriniň baş reproduktologlary hem-de hünärmenleri hem bu maslahata goşuldylar.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň häzirki wagtda emele gelýän howa şertlerini we aşa yssy howanyň aýallaryň saglygyna ýetirýän aýratynlyklaryny seljerdiler.
Okuw maslahatynyň çäklerinde aşa ýokary temperaturalaryň göwreli aýallaryň bedenine ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň ilkinji basgançagynda lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň we uýtgetmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.
Keywords