Paýtagtymyzda 8, 10, 12, 14, 16 we 18 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda bäsleşikler dowam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen 500-e golaý ýaş küştçi Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde özara güýç synanyşýarlar. 25-nji ýanwarda başlanan bu ýaryşlar 1-nji fewrala çenli dowam edýär. Birinjiligiň gatnaşyjylary küştüň üç görnüşi — standart, rapid we blis boýunça medallar ugrunda bäsleşýärler. Ýaryşlar şweýsar ulgamy boýunça geçirilýär. 30-njy ýanwarda ýaryşyň standart tapgyry tamamlandy we onuň netijeleri boýunça dürli ýaş derejelerinde baýrakly orunlaryň eýeleri kesgitlenildi.

Standart küşt görnüşi boýunça ýaryşyň netijeleri:

8 ýaşa çenli oglanlar:

🥇 Kerim Babaýew (Aşgabat ş. Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi) — mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk;

🥈 Begmyrat Agamämmedow (Lebap welaýaty) — 9-dan 7,5 utuk;

🥉 Hangeldi Myradow (Lebap welaýaty) — 9-dan 7 utuk.

8 ýaşa çenli gyzlar:

🥇 Merýem Rüstemowa (Lebap welaýaty) — 9-dan 8 utuk;

🥈 Laçyn Isaýewa (Lebap welaýaty) — 9-dan 8 utuk;

🥉 Çynar Pirkulyýewa (Lebap welaýaty) — 9-dan 6,5 utuk.

10 ýaşa çenli oglanlar:

🥇 Çaryhekim Çaryýew (Aşgabat ş. Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi) — 9-dan 8 utuk;

🥈 Halylmuhammet Çaryýew (Aşgabat ş. Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi) — 9-dan 7,5 utuk;

🥉 Azat Sapardurdyýew (Mary welaýaty) — 9-dan 7 utuk.

10 ýaşa çenli gyzlar

🥇 Bägül Jumaýewa (Lebap welaýaty) — 9-dan 7,5 utuk;

🥈 Anna Çaryýewa (Mary welaýaty) — 9-dan 7 utuk;

🥉 Enejan Çarygeldiýewa (Aşgabat ş. Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi) — 9-dan 7 utuk.

12 ýaşa çenli oglanlar:

🥇 Nazar Narimanow (Lebap welaýaty) — 9-dan 7,5 utuk;

🥈 Omarbek Ismailow (Daşoguz welaýaty) — 9-dan 7,5 utuk;

🥉 Azat Rejepow (Lebap welaýaty) — 9-dan 7 utuk.

12 ýaşa çenli gyzlar:

🥇 Aýa Baýramowa (Lebap welaýaty) — 9-dan 8,5 utuk;

🥈 Dilber Hupbyýewa (Daşoguz welaýaty) — 9-dan 8 utuk;

🥉 Zalina Iminowa (Aşgabat ş. Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi) — 9-dan 6 utuk.

14 ýaşa çenli oglanlar:

🥇 Aly Ahmedow (Aşgabat ş. Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi) — 9-dan 7,5 utuk;

🥈 Emir Amanmuhammedow (Mary welaýaty) — 9-dan 7 utuk;

🥉 Alihan Batyrow (Mary welaýaty) — 9-dan 6,5 utuk.

14 ýaşyna çenli gyzlar:

🥇 Nurana Saýunowa («Küşt älemi» akademiýasy, Aşgabat ş.) — 9-dan 8,5 utuk;

🥈 Nurhan Babanazarowa (Lebap welaýaty) — 9-dan 7,5 utuk;

🥉 Nebahat Myradowa (Lebap welaýaty) — 9-dan 6,5 utuk.

16 ýaşa çenli ýetginjekler:

🥇 Aşyrmuhammet Ataýew (Aşgabat ş. Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi) — 9-dan 8 utuk;

🥈 Ahmet Artykow (Mary welaýaty) — 9-dan 7,5 utuk;

🥉 Gurbanmyrat Rüstemow (Lebap welaýaty) — 9-dan 7,5 utuk.

16 ýaşa çenli gyzlar:

🥇 Jahan Rejepowa (Lebap welaýaty) — 9-dan 8,5 utuk;

🥈 Mähri Agamyradowa (Lebap welaýaty) — 9-dan 8 utuk;

🥉 Arzygül Muhamowa (Aşgabat ş. ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi) — 9-dan 6 utuk.

18 ýaşa çenli ýetginjekler:

🥇 Şageldi Gurbandurdyýew (Lebap welaýaty) — 9-dan 8 utuk;

🥈 Sanjary Gaýbullaýew (Lebap welaýaty) — 9-dan 8 utuk;

🥉 Serdar Baýramow (Lebap welaýaty) — 9-dan 7,5 utuk.

18 ýaşa çenli gyzlar:

🥇 Jennet Ýalkanowa (Mary welaýaty) — 9-dan 9 utuk;

🥈 Mährijemal Gurbangeldiýewa (Aşgabat ş. Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi) — 9-dan 6,5 utuk;

🥉 Mähri Aýmakowa (Lebap welaýaty) — 9-dan 6,5 utuk.

Ýaryşlar dowam edýär. Öňde rapid we blis görnüşleri garaşýar.