026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň Serhet goşunlarynyň serkerdeleriniň geňeşiniň 93-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň serhet edaralarynyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Duşuşyga Arkalaşyga agza döwletleriň serhet gulluklarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem GDA-nyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) we Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (KHŞG) esasy ýerine ýetiriji, hukuk goraýjy we terrorçylyga garşy göreş düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda GDA ýurtlarynyň daşarky serhetlerinde howpsuzlygy pugtalandyrmak, serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreşmek we degişli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda maglumat howpsuzlygy meselesine aýratyn üns berildi. GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Nurlan Seýtimow 9-njy oktýabrda Türkmenistanda döwlet baştutanlary tarapyndan GDA-nyň serhet ulgamyndaky maglumat syýasatynyň esaslarynyň kabul edilmeginiň hyzmatdaşlykda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrýandygyny belledi.
Onuň bellemegine görä, bu strategik resminamanyň tassyklanmagy häzirki zaman gibrid howplaryna garşy göreşmekde tagallalary yzygiderli birleşdirmäge we Arkalaşygyň daşarky serhetlerinde bitewi, goragly maglumat giňişligini kemala getirmäge mümkinçilik berer.










Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.