Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylyş dabarasynyň geçirilendigini habar berdi.
Bu barada Türkiýäniň wise-prezidenti özüniň «X» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda paýlaşdy.
«Strategik dostluk nyşany» Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEİK) tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentine gowşuryldy. Dabara Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitiniň çäklerinde geçirildi.
Jewdet Ýylmaz öz çykyşynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady. Onuň bellemegine görä, iki ýurduň arasyndaky çuňňur doganlyk gatnaşyklary we özara ynam söwda, maýa goýumlary hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm esas bolup durýar.
Türkiýäniň wise-prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy bu abraýly nyşan bilen gutlady. Şeýle-de ol iki doganlyk ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşýan işewür toparlaryň wekillerine, aýratyn-da, DEİK-iň başlygy Nail Olpaga minnetdarlyk bildirdi.
«Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagy Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, özara ynamyň we ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýetini alamatlandyrýan waka boldy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.