Germaniýanyň «Volkswagen» konsernine degişli «Audi» awtoulag öndürijisi ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Meýkon şäherinde ilkinji önümçilik zawodyny gurmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa bu taslama üçin takmynan 4 milliard dollar maýa goýmagy göz öňünde tutýar.
Taslamanyň maýa goýum möçberi barada ilki ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 4,2 milliard dollar diýlen sany agzapdy. Soňra «Audi» kompaniýasy hem täze zawodyň gurluşyk meýilnamasyny tassyklap, maýa goýumynyň 4 milliard dollar boljakdygyny mälim etdi.
Zawodyň gurluşygyna 2027-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär. Önümçiligiň bolsa 2030-njy ýyllaryň başynda ýola goýulmagyna garaşylýar. Kompaniýanyň maglumatyna görä, täze kärhana takmynan 4,5 müň iş ornuny döreder.
Önümçilik kuwwaty ýylda 200 müň töweregi awtoulaga deň bolar. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, kärhanada «Audi Q7», «Q8» we «Q9» kysymly krossowerleriň öndürilmegi göz öňünde tutulýar.
Donald Tramp bu taslamany ABŞ-nyň awtoulag önümçiligi pudagynda soňky döwürlerde amala aşyrylýan iri maýa goýumlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň aýtmagyna görä, hereket edýän gümrük paçlary kompaniýanyň şeýle karara gelmegine täsir edipdir.
2025-nji ýylyň aprelinde ABŞ Ýewropada öndürilen awtoulaglara degişli gümrük paçlarynyň möçberini 2,5 göterimden 27,5 göterime çenli ýokarlandyrdy. ABŞ bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda söwda ylalaşygy gazanylandan soň, bu görkeziji 15 göterime çenli peseldildi.
Täze zawodyň işe girizilmegi «Audi» kompaniýasynyň ABŞ-daky önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge we Demirgazyk Amerika bazaryndaky ornuny berkitmäge gönükdirilendir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.