Awgust aýynda Türkmenistanda köpçülikleýin medeni çäreler geçiriler!
1 min okamak1

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli awgust aýynda ýurtda dabaraly çäreler, sergiler, maslahatlar, wagyz-nesihat we ýaşlar bäsleşikleri guralar.
Awgust aýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurtda dabaraly çäreler, sergiler, maslahatlar, wagyz-nesihat we düşündiriş çäreleri geçiriler.
Bu barada Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Seýidowa hasabat berdi. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik we aň-paýhas bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny, çeper okaýyşlary hem-de milli oýunlar boýunça bäsleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda maddy-medeni mirasy öwrenmekde taryhy ýadygärlikleriň ähmiýetine bagyşlanan meýdan şertlerindäki okuw maslahatlary geçiriler. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynda bolsa «Köpetdagyň tebigy gözellikleri» atly forum guralar.
Şeýle hem «Ýaňlan, Diýarym!» atly ýaş höwesjeň aýdymçylaryň telebäsleşiginiň Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, şeýle-de «Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna şu ýylyň awgust aýyna meýilleşdirilen çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülmegini hem-de olaryň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy — diýip, TDH agentligi habar berýär.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.