Awstraliýaly höwesjeň hazyna gözleýji Tibuburr şäherçesiniň golaýynda agramy 1,2 kilogram bolan altyn bölegini tapdy. Bu barada «MIR 24» neşiri habar berýär.

Maglumata görä, altyn gözleýji birnäçe günüň dowamynda şol çäkde metal gözleýji enjamyň kömegi bilen gözleg işlerini geçiripdir. Bir gezek enjam pes sesli duýduryş berip başlapdyr. Ilkibaşda ol uly bolmadyk metal böleginiň tapylandygyny çaklapdyr. Emma topragy gazdygyça, enjamyň duýduryş sesleri güýçlenipdir we ýygylaşypdyr. Netijede, ol kwars bilen garyşyk ýagdaýda ýatan uly altyn böleginiň üstünden barypdyr.

Tapyndynyň umumy agramy 1,2 kilograma deň bolup, onuň 940 gramy sap altyndan ybaratdyr. Galan bölegini bolsa kwars düzýär. Hazyna gözleýji bu tapyndysyna «Tibuburr ýeralmasy» diýip at beripdir.

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, altyn böleginiň bazar bahasy 150–160 müň Awstraliýa dollaryna barabar bolup biler. Emma tapyndynyň eýesi gymmatly daşyň kolleksionerler tarapyndan 200 müň dollara çenli bahalandyryljakdygyna ynanýar.

Bu tapyndy Awstraliýada altyn gözleg işleriniň netijesinde ýüze çykarylan iri altyn bölekleriniň biri hökmünde ünsi çekýär.