Ýaz pas­ly­nyň iň aja­ýyp gör­nüş­le­ri­niň bi­ri hem kö­me­lek­ler­dir. Kö­me­lek­ler ada­ty gö­ze gö­rün­ýä­nin­den baş­lap, mik­ros­kop bi­len gör­me­li­le­ri­ne çen­li jan­ly or­ga­niz­miň tä­sin ýa­şaý­şy­ny eme­le ge­tir­ýär. Kö­me­lek­le­riň hem­me­si spo­ra­lar — ow­nu­jak kö­me­lek dü­wün­çek­le­ri ta­ra­pyn­dan kö­pel­ýär­ler. Şol spo­ra­lar­dan şa­ha­la­nyp gid­ýän in­çe sa­pak­la­ryň çyr­maş­ma­gy gör­nü­şin­de kö­me­lek kö­ki ös­ýär, şol hem mi­wä­ni eme­le ge­tir­ýär. Bu­la­ryň hem­me­si kö­me­lek ul­ga­myn­da ýer as­tyn­da ös­ýär we ýer ýü­zü­ne eme­le ge­len şe­ki­lin­de çyk­ýar. Kö­me­lek­le­riň ýe­rüs­ti öm­ri ga­ty gys­ga bo­lup, 2—3 gü­ne çen­li­dir. Em­ma kö­me­le­giň kö­ki örän uzak ýa­şa­ýar.

El­bet­de, kö­me­lek­le­riň dür­li gör­nü­şi bar. Ge­lin kö­me­lek­le­ri bi­len bir­lik­de, kä­bir gü­ber­çek kö­me­lek­ler hem iýil­ýär. Kö­me­lek­le­riň dü­zü­min­de be­lok­lar, şe­ker, mi­ne­ral duz­lar hem fos­for kis­lo­ta­sy­dyr beý­le­ki wi­ta­min­ler bar. Kö­me­lek­ler, köp­lenç, agaç­la­ryň düý­bün­de bit­ýär. Mu­nuň se­bä­bi bol­sa ol agaç­dan şe­ke­ri we ami­no­kis­lo­ta­la­ry alyp bil­ýär. Özü­niň dü­zü­min­dä­ki or­ga­ni­ki däl mad­da­la­ry bol­sa aga­ja ge­çir­ýär.

Ýaz paslynyň gelmegi bilen dag eteklerinde, sähralarda, agaçlaryň düýbünde kömelekleri görmek bolýar. Bularyň ýakymlyja ysy tebigatyň gözel görnüşine has hem gözellik goşýar.