
2026-njy ýylyň 18–19-njy maýy aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagtynda "Daşkent halkara migrasiýa forumy" (TIMF-2026) geçirildi. Sebitde we global derejede howpsuz, düzgünleşdirilýän hem-de kanuny migrasiýany üpjün etmegiň strategik meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda bu giň gerimli çäre möhüm platforma öwrüldi.
Halkara foruma dünýäniň birnäçe döwletlerinden we abraýly halkara guramalardan wekiller, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň resmi wekiliýeti hem gatnaşdy.
Forumyň gün tertibinde häzirki zamanyň global migrasiýa syýasaty ulgamyndaky iň möhüm wezipeler we çäreler seljerildi. Duşuşyklaryň dowamynda migrasiýa amallaryna durnukly ösüşiň we howpsuz hereketliligiň esasy şerti hökmünde garaldy. Şeýle hem zähmet migrasiýasy babatda döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, şol sanda migrantlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga aýratyn üns berildi.
Maslahatyň çäklerinde häzirki döwrüň durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda gender syýasatyny amala aşyrmagyň, zähmet zolagynda aýal-gyzlaryň durmuş hem-de hukuk hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiliklerini giňeltmegiň meseleleri hünärmenler tarapyndan giňden öwrenildi. Mundan başga-da, bilermenler tarapyndan ekologik faktorlaryň we global howanyň üýtgemeginiň ilatyň göçüş-gonuş hereketlerine ýetirýän täsiriniň durnukly seljermesi we anyk netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşkent şäherinde guralan bu forum halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge, döwletleriň hem-de halkara guramalaryň tagallalaryny utgaşdyrmaga we öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga uly ýardam etdi. Forumyň ýapylmagynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem durnukly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň dünýä derejesindäki şeýle halkara maslahatlara we çärelere işjeň gatnaşmagy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara migrasiýa hukugy we syýasaty ulgamynda dünýä jemgyýetçiligi bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň yzygiderli pugtalanýandygyny aýdyň görkezýär.
Keywords