
Türkmenistan özüniň elektrik energiýasyny eksport etmek mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, Hazar deňziniň düýbi arkaly ýokary woltly elektrik kabelini çekmek boýunça halkara taslama gatnaşmagyň ugurlaryna seredýär. Bu başlangyç ýurduň energetika diplomatiýasyny we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda täze strategik tapgyr bolar.
Şäherleriň Bütindünýä forumynyň (WUF13) çäklerinde “Türkmenenergo” döwlet elektrik energetika korporasiýasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar we eksport bölüminiň uly hünärmeni Abdulla Jelilowyň “Report” agentligine beren beýanatynda aýtmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherinde kuwwaty 1574 MW bolan döwrebap, utgaşdyrylan görnüşdäki gazyň we buguň güýji bilen işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy gyzgalaňly alnyp barylýar. Geljekde hut şu ägirt uly desga Hazarüsti eksport ugry üçin esasy önümçilik çeşmesi bolup hyzmat eder.
“Biz Hazar deňziniň düýbi bilen energetika kabelini çekmek taslamasyny düýpli öwrenýäris. Taslama doly amala aşyrylandan soň, Balkan welaýatynda gurulýan täze elektrik stansiýasynyň kuwwatyny Hazar deňziniň düýbi bilen çekiljek kabel arkaly ilki Azerbaýjana, ol ýerden bolsa beýleki sebit we Ýewropa ýurtlaryna ibermegi maksat edinýäris” diýip, döwlet korporasiýasynyň wekili nygtady.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar bu taslamany durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma görkezýärler we bu mesele Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň mejlislerinde yzygiderli maslahatlaşylýar.
Taslama diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem sebitiň ähli gatnaşyjy döwletleri üçin hem ykdysady taýdan ýokary bähbitleri wada edýär. Bu ugurda Azerbaýjan respublikasy türkmen elektrik energiýasyny günbatar tarapa ynamly daşamakda iň esasy we durnukly üstaşyr ýurt hökmünde çykyş edýär.
Keywords