Hytaýyň Milli Nebit-gaz Korporasiýasynyň («CNPC International Ltd.») Türkmenistandaky şahamçasy № CIT-26019-SR belgili halkara tender yglan edýär. Tender «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde 2026-2029-njy ýyllarda guýularyň düýbünde geçiriljek işlerde nasos-kompressor turbalarynyň (NKT) mufta birikmelerinde gaz syzyp çykmalaryny anyklamak we turbalaryň kemçiliklerini (deffektlerini) anyklamak boýunça hyzmatlary satyn almagy göz öňünde tutýar.
Munuň ýaly hyzmatlar esasan buraw desgalarynda guýulary tamamlamak üçin ýerasty enjamlar bilen bilelikde NKT sütünlerini düşürmek wagtynda ulanylar.
Bildirilýän esasy talaplar:
- Geliý gazyny ulanmak arkaly NKT-leriň mufta birikmelerinde gaz syzyşlaryny anyklamak üçin zerur bolan enjamlar toplumy, esasy lager, ökde hünärmenler we gurallar bilen üpjün edilen bolmaly;
- Kükürtli wodorodyň (kükürtli gaz) we uglekislota gazynyň ýokary konsentrasiýaly nebit-gaz ýataklarynda NKT-leriň barlagyny (defektoskopiýasyny) weýran etmeýän usul (Nondestructive testing - NDT) arkaly geçirmeli.
Tendere gatnaşmak üçin:
- Resmi arza tabşyrmaly: Tendere gatnaşmak isleýän kompaniýanyň doly ady, hukuk statusy, hasaba alnan ýurdy we rekwizitleri, şeýle hem tenderiň belgisini we adyny görkezip arza ýazmaly;
- Töleregini hasaplaşmaly: Tender resminamalaryny (ITB) almak üçin töleg hasabyny (şçýot) almaly. Bu hasap ýazmaça arza berlen pursadynda kompaniýa gowşurylar;
- Tender buýtmasyny (ITB) almaly: Kompaniýanyň wekiliniň pasportynyň nusgasy, resminamalary almaga bolan baş ynamnamanyň nusgasy we pul geçiriminiň nusgasy görkezilenden soň, tender tabşyrygy ýygyndysyny almaly.
Möhletler we habarlaşmak:
- Gatnaşmak üçin iň soňky möhlet: Bildiriş köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) kalendar gününiň dowamynda (19.05.2026 — 25.05.2026). Görkezilen möhletden giç gelen arzalar kabul edilmeýär.
- Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, CNPCIT edara binasy.
- Habarlaşmak üçin şahys: Narine Simonýan
- Telefon belgisi: (+993-12) 44-54-34







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.