
Özbegistan geljekde döretmegi meýilleşdirýän hususy ýük gämileriniň flotuny Hazar deňziniň boýunda, hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystanyň halkara deňiz portlarynda ýerleşdirmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu strategik ädim goňşy ýurduň eksport-import amallaryny ygtybarly üpjün etmäge we sebitdäki üstaşyr ýük daşalmasynyň durnuklylygyny artdyrmaga gönükdirilendir.
"Upl.uz" neşiriniň berýän habaryna görä, Daşkent eýýäm Hazar deňziniň suw giňişliginde işjeň ulanmak maksady bilen ýük paromlaryny kärendesine almak we satyn almak boýunça ýörite mehanizmleri işläp taýýarlamaga başlady.
Taslamanyň durmuşa geçirilişi barada maglumat beren Özbegistanyň maýa goýum, senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji orunbasary Şohruh Gulamow häzirki wagtda bu ugurda degişli guramaçylyk we seljerme işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýandygyny tassyklady.
Hazar deňzi arkaly täze logistik ugurlaryň açylmagy, sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, aýratyn-da, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň täze tapgyra göterilýändiginiň aýdyň görkezijisidir.
Keywords