
Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň edermen pagtaçylary ýylyň-ýylyna gowaçanyň ýokary hasylyny kemala getirýärler. Olar üstümizdäki «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem 9400 gektar meýdana gowaça ekip, şondan 20500 tonna «ak altyn» öndürmegi maksat edinýärler.
Şu günler daýhan birleşiginiň gowaça meýdanlarynda zähmet joşguny barha batlanýar. Gün-günden boý alyp ösýän gowaçalaryň hatar aralaryny bejermek, iýmitlendirmek, suwarmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.
Bu işde daýhan birleşiginiň we etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlary pagtaçylara ýakyndan ýardam berýärler. Hojalykda gowaçalaryň hatar aralaryny bejermekde we iýmitlendirmekde tehnikalaryň 11-si bökdençsiz işledilýär. Toýly Joraýew, Şamyrat Haýtmyradow, Baýram Hezzekow, Haýtmyrat Ahmedow dagy gowaçalara ýokary hilli bejergi işlerini geçirip, kärdeşlerine nusga alarlyk görelde görkezýärler. Olar özleriniň erk edýän polat atlaryny saz we bökdençsiz işledip, ýokary netijeleri gazanýarlar.
Ýakynda biz bu hojalygyň Atamyrat Atanyýazow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji kärendeçiler toparynyň alyp barýan işleri bilen gyzyklandyk. Biziň deňinde saklanan atyzymyz toparyň ussat kärendeçisi Jemile Setdarowanyň 5 gektarlyk kärende ýeri eken. Onuň daýhançylykdan tejribesiniň ýetikdigini gowaçalaryň häzirki kadaly ýagdaýyny synlanyňda-da duýmak bolýar. Ol ýylyň-ýylyna ýokary hasyl almagyň hötdesinden gelýär. Ussat kärendeçi geçen ýyl hem gowaça eken meýdanynyň her gektarynyň hasyllylygyny meýilnamada görkezilen 30 sentnere derek, 39 sentnerden geçiripdir. Onuň üstümizdäki ýylda öňde goýan maksady hem uly. Ol gowaça eken meýdanynyň her gektarynyň hasyllylygyny 45 sentnere ýetirmek ugrunda gaýratly zähmet çekýär. Ýanýoldaşy Rahmanberdi Setdarow oňa gowaçalara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmekde ýakyndan ýardam berýär. Olar maşgala agzalary bolup, agzybirlikli zähmet çekýärler.
Jumasoltan Derýaýewanyň hem goňşy atyzda 4 gektar kärende ýeri bar. Ol hem toparyň ussat kärendeçileriniň biri. Jumasoltan goňşusy Jemile Setdarowa bilen ýaryşyp işleýär. Ýaryşly iş mydama üstünlik getirýär. Şu günler bu zähmetkeş daýhanlar gowaçalary az akym bilen yzgarly suwarmakda kärdeşlerine nusga bolarlyk görelde görkezýärler.
— Toparymyz boýunça şu ýyl 86 gektar meýdana gowaça ekdik. Howanyň amatly gelmegi daýhanlarymyz üçin gowy boldy. Netijede oňat gögeriş gazanyldy. Biz gowaça eken meýdanlarymyzdan meýilnamada görkezilen 250 tonna derek 270 tonna hasyl ýygnamagy göz öňünde tutýarys. Daýhanlarymyz şu günler gowaçalara suw tutmak işini gyzgalaňly alyp barýarlar. Bu işde ussat kärendeçilerimiz Jemile Setdarowa bilen Jumasoltan Derýaýewa dagy öňe saýlanýarlar — diýip, 5-nji kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Atamyrat Atanyýazow gürrüň berýär.
Keywords