Türkiýäniň Zonguldak welaýatyndaky kömür şahtasynda bolan güýçli partlama netijesinde azyndan iki adam aradan çykdy, ýene bäş adam şikes aldy. Bu barada ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.
Habar berlişine görä, partlamada ýaralanan adamlar hassahana ýerleşdirildi. Wakanyň bolan ýerinde halas edijiler we beýleki dessin gulluklaryň işgärleri işleýärler.
Häzirki wagtda partlamanyň ýüze çykmagynyň sebäpleri anyklanylýar. Degişli gulluklar betbagtçylygyň ýagdaýlaryny öwrenýärler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.