
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, azyk bolçulygyny döretmek hakyndaky aladalaryna oba adamlary asylly işleri bilen jogap berýärler. Şolaryň biri hem Kerki etrabynyň Çekir geňeşliginiň ýaşaýjysy Meret Gurbanow. Ony obadaşlary hem halypa mugallym, hem ussat bagban hökmünde tanaýarlar. Halypa mugallym indi 55 ýyldan bäri çagalara himiýa-biologiýa dersinden bilim berip gelýär.
Meret aga mundan 40 ýyl töweregi öň melleginde ýyladyşhana gurup, Täjigistandan limon, pyrtykal agaçlarynyň nahallaryny getirip, ösdürip ýetişdirmäge başlady. Oňa bagbançylyk işini öwrenmek üçin halypa gözläp, uzak ýerlere gitmek zerurlygy hem bolmady. Ýokary okuw mekdebinde alan bilimleri, okan gat-gat kitaplary, žurnallary, galyberse-de, kakasyndan öwrenen bagbançylyk usullary kömege ýetişdi. Idegi kemsiz ýetirilen nahallar her ýyl bol hasyl berýär. Ýylylygy, ýagtylygy we çyglylygy halaýan, ýöne sowuga çydamsyz subtropik agaçlary ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplan bagban goňşy-golamlaryna hem ýyladyşhana gurup, şeýle daragtlary ekmekligi maslahat berýär. Netijede, obada ýyladyşhana gurup, bagbançylyk edýän adamlaryň sany köpeldi. Olara Meret aga halypaçylyk edýär. Häzirki günlerde hem ussat bagbanyň ýanyna gelip, maslahat alýanlar az däl.
Meret aganyň ýyladyşhanalarynyň birinde limon, beýlekisinde pyrtykal, beýleki birinde bolsa banandyr hurmanyň saýlantgy görnüşleri bar. Mundan başga-da onuň melleginden adyny tutan miweli agaçlaryňy tapmak bolýar. Melleginiň galan bölegini bolsa, ýertudanasydyr dürli reňkli güller, gök ekinler bezeýär. Mahlasy, mellekde boş duran ýere gözüň düşjek gümany ýok.
Ýakynda biz Meret aganyň öýünde myhman bolduk. Goja bagban mandarin ekilen ýyladyşhanasynda ýetişen miweleri synlap ýören eken. Şonda ol ýetişdiren hasylyna buýsançly bakyp durşuna şeýle gürrüň berdi:
— Men 40 ýyldan gowrak wagt bäri bagbançylyk edýärin. Ýyllar maňa köp zatlary öwretdi. Esasy işimiň daşyndan bagbançylykdyr ekerançylyk bilen meşgullanmagym köp tejribeleri ele almagyma ýardam berdi. Ýyladyşhanamdaky limondyr mandarin, pyrtykal agaçlary indi köp wagtdan bäri hasyl berýär. Her ýyl ilatyň saçagyna olaryň bol hasylyny hödürleýäris. Dogry, ýyly ýurtlarda ösýän bu daragtlary ösdürip ýetişdirmek aňsat däl. Olar irginsiz zähmeti talap edýär. Oňat garaşyk edip, idegini ýetirseň, her düýbi 450 — 500-e golaý miwe berýär.
Hawa, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşýan goja bagbanyň yhlasly zähmeti ýerine düşýär. Bizem bu gujurly bagbana üstünlik, uzak ýaş arzuw edýäris.
Keywords