
Ýurdumyzyň iň bereketli künjekleriniň biri bolan Lebap welaýatynda şu günlerde öňde duran galla oragy möwsümine iňňän jogapkärli we guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Saýat etrabynyň zähmetkeşleri hem ak ekinli meýdanlarda kemala gelen bol hasyly ýitgisiz ýygnap almagyň hem-de Watan harmanyna tabşyrmagyň ugrunda gyzgalaňly zähmet çekýärler.
«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saýat etrabynyň «Watan» daýhan birleşigindäki agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ogulnur Haýydowanyň bellemegine görä, şu ýyl etrap boýunça jemi 16 müň 155 gektar meýdandan 46 müň 400 tonnadan gowrak bugdaý hasylyny almak meýilleşdirilýär. Geljek ýyllaryň bol hasylyna berk binýat goýmak maksady bilen, şu meýdanlaryň 4 müň 800 gektarynda ýörite tohumlyk bugdaý ýetişdirildi.
Galla oragyny gysga möhletde we bökdençsiz guramak üçin tehnikalaryň maddy-tehniki binýady doly taýýarlyk derejesine getirildi. Şanly möwsümde etrap boýunça jemi 35 sany kuwwatly kombaýny bökdençsiz işlediler. Olaryň 14-si ýörite tohumlyk hasyly ýygnamaga gönükdiriler. Şeýle hem, meýdanlardan galla kabul ediş punktlaryna dänäni daşamak üçin 58 sany ýük ulagy we 62 sany traktor tirkegi gyzgalaňly zähmet meýdançalaryna çykarylar.
Halkymyzyň rysgal-bereketi bolan däneli ekinleri gyradeň we çalt ýygnamak üçin sebitde ähli şertler hem-de mümkinçilikler döredildi. Saýat etrabynyň gallaçy daýhanlary meýdanlardan göwün diýen hasyly ýygnap, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna zähmet sowgatlary bilen barmagy maksat edinýärler.
Keywords