
Türkmenistanyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler ýer eýeleriniň täze üstünliklere beslenmegine giň ýol açýar. Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Güýçbirleşik» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň işjeň agzasy Nurgeldi Hudaýberenow hem öz halal zähmeti bilen il-günümiziň azyk bolçulygyna uly goşant goşýan tejribeli daýhanlaryň biridir.
Nurgeldi Hudaýberenow ekin ekmegiň «abyny-tabyny» ele alan kärendeçi hökmünde tanalýar. Ol eýýäm on ýyldan bäri özüne degişli bolan kärende ýerlerinde sarymsak we sogan ýetişdirip gelýär. Şu ýyl hem daýhan:
Halaçly daýhanyň aýtmagyna görä, sarymsak we sogan halkymyzyň gündelik sarp edýän ekinleriniň arasynda iň islegli önümleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem, bu ekinleriň bitginli bolmagy üçin ýeriň berekedi we daýhan yhlasy birleşýär.
Şu günler kärendeçiniň ekin meýdanlarynda gyzgalaňly işler dowam edýär. Daýhan yhlasyndan kemal tapan ekinler eýýäm bolçulygyny we bereketliligini görkezýär. Tiz wagtdan ýygnalyp başlanjak bu bol önümler ýurdumyzyň ak bazarlaryna we söwda nokatlaryna ugradylar. Bu bolsa içerki bazarda nyrhlaryň durnuklylygyna we halkymyzyň saçagynyň has-da bereketli bolmagyna hyzmat eder.
Zähmetsöýer kärendeçi geljekde-de azyklyk ekinleriň görnüşlerini artdyrmagy we bol hasyl almagy maksat edinýär. Ol özüniň netijeli zähmet çekmegi we ýer bilen işlemegi üçin döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz minnetdarlyk bildirýär.
Nurgeldi Hudaýberenow ýaly gujur-gaýratly daýhanlaryň yhlasy bilen türkmen topragynyň berekedi mundan beýläk-de artar we ak bazarlarymyz bereketli hasyl bilen bezelip durar.
Keywords