
Ýurdumyzyň ak bazarlarynda azyk bolçulygynyň döredilmegine ähli pudaklaryň işgärleri bilen birlikde gök ekerançylarymyz hem mynasyp goşant goşýarlar. Gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde Farap etrabynyň zähmetsöýer ilaty öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar.
Şu ýyl etrap boýunça 30 gektar ýerde sogan, 65 gektar meýdanda hem ýeralma ekildi. Agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda häzirki günlerde alnyp barylýan işler anyk netijelerini berip, gök we bakja ekinleriniň ýokary hasylynyň alynjakdygyna bolan ynamy berkidýär.
Etrabyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ikram Rajapow şeýle gürrüň berýär:
— Etrabymyzyň babadaýhanlary sogan we ýeralma ýetişdirmekde toplan baý tejribesi bilen tanalýarlar. Bizem maşgalamyz bilen birnäçe ýyldan bäri ýokary hasyl alyp gelýäris. Geçen möwsümde 30 tonna sogan aldyk, üstümizdäki ýylda bu görkezijini 35 tonna ýetirmegi meýilleşdirýäris.
Ikram dogany Muhammet Rajapow bilen miweli baglara hem aýratyn ideg edýär. Olaryň 1,5 gektar erik, 50 sotok alma we 1 gektar täze oturdylan şetdaly nahallary yhlasly zähmetiň miwesidir.
Etrabyň «Gumkent» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aziz Ereşow ekin dolanyşygyny dogry ýola goýmagyň ussadydyr. Ol diňe bir gök-bakja däl, eýsem bugdaý we arpa ekmekde-de obadaşlaryna nusgalyk görelde görkezýär.
Aziz aganyň çagalary — Selbi, Jemal, Arslan we Artur — hem erjellik bilen zähmetde taplanyp, maşgalasyna ýakyndan kömek berýärler. Fewralyň aýagynda ekilen we häzirki wagtda güle duran ýeralmalaryň hasylyny eýýäm iýun aýynyň başyndan ýygnap başlamak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan oba özgertmeleri zähmetkeşleriň durmuşynda täze sahypa açdy. Farap etrabynyň jemgyýetçilik guramalary hem bu zähmet üstünliklerini wagyz etmekde we höweslendirmekde uly işler amala aşyrýarlar.
Etrabyň oba hojalykçylary azyk bolçulygyna goşant goşmaga, halal zähmet bilen baýamaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza öz çuňňur minnetdarlyklaryny bildirýärler.gynyň üpjün edilmegine öz goşantlaryny goşmaga, ýerden bol hasyl alyp, halal baýamaga döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Keywords