
Janypkeş bagbanlaryň bagyna siňdirýän yhlasy ýylyň dört paslynda hem egsilmeýär. Olar her gün ir säherden başlap, tä giç agşama çenli öz bagynda zähmet çekýärler. Irmän-arman, şol hysyrdylara hötde gelip bilseň, onda bagda gyzýaňak almalar, agzyňda ereýän erikdir alçalar, şetdalylar düzüm-düzümdir. Kerkili Abraý Atnakulow hem şeýle bagbanlaryň biri. Onuň ýadan-ýaltanan wagty ýok, mydama öz bagynda ýa-da mellek ýerinde gydyrdanyp ýörendir. Ol käri boýunça agronom bolansoň, ösümlikleriň dünýäsine-de belet.
Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde agronom bolup işlän ýyllarynda hem ol dürli ylmy kitaplara salgylanmak bilen, örän köp tejribe geçirdi. Obadaşlaryna, höwesjeň daýhanlara köp zatlary öwretdi. Şonuň üçin-de oňa hojalygyň bagbanlarynyň köpüsi «Halypa!» diýip ýüzlenýärler. Halypa boljak bolsaň, köp zatdan habarly bolmaly. Şeýlelikde, Abraý aga soňy bilen daýhan birleşiginden özüne bir gektar ýer aldy-da, şol ýerde hem bag döretdi. Ol bagbançylyk ýaly inçe, hysyrdyly käre baş goşansoň, köp wagtyny bagynda geçirip başlady. Nahallary sapmak usuly bilen köpeldip, naýbaşy sortlary ýetişdirdi. Öňki Sakar etrabyndaky nahalçylyk hojalygynyň bagbanlary bilen pikir alşyp, erigiň on iki görnüşini döretdi. Olaryň arasynda erigiň dürli wagtda bişýän görnüşleri bar. Şonuň üçin ýerli telekeçiler ir bahardan tä tomsa çenli Abraý aganyň bagyndan çykmaýarlar.
Keywords