
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň Günbatar sebitiniň bereketli meýdanlarynda bakja ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Balkan welaýaty boýunça şu şanly ýylda 2 müň 620 gektar meýdandan 52 müň 400 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda welaýatyň Bereket, Gyzylarbat, Magtymguly, Etrek we Esenguly etraplarynyň tejribeli daýhanlary, mülkdarlary we ýer eýeleri gawun-garpyz ýygymyny guramaçylykly dowam etdirýärler. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän şanly ýylynda zähmetsöýer oba hojalyk işgärleri ata-babalarymyzyň daýhançylyk däplerine hem-de halypa-şägirtlik ýörelgelerine eýerip, ýokary netijeleri gazanýarlar.
Balkan topragy diňe bir bakja önümleri däl, eýsem, miweleriň we ir-iýmişleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde hem uly tejribe toplady. Magtymguly etrabynyň bagbanlary nar, injir we hoz ýaly miweleri, Etrek etrabynyň zähmkeşleri bolsa zeýtun ýaly gymmatly önümleri ösdürip ýetişdirmekde tanalýarlar.
Garagum derýasynyň boýundaky ekerançylyk meýdanlarynda zähmet çekýän mülkdarlar öz ýetişdiren gawunlarynyň waharman, gyzyldepe, gülaby we garrygyz ýaly dürli görnüşlerini bazarlara yzygiderli ugradýarlar. Ekologik taýdan arassa we ýokary hilli balkan önümleri diňe bir welaýatyň içinde däl, eýsem, paýtagtymyzyň we beýleki sebitleriň söwda nokatlarynda hem ilatymyzyň uly islegine eýe bolýar.
Şeýlelikde, welaýatyň bakjaçylary azyk bolçulygyny döretmek we halkymyzy gök-bakja önümleri bilen elýeterli bahalardan üpjün etmek ugrunda mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Keywords