«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine degişli «Balkanabat» ýod zawodynda tehniki uglerod öndürýän önümçilik bölümi gurlar. Bu baradaky teklibi Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde makullady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Mejlisde himiýa senagaty kärhanasynyň döwrebaplaşdyrylyşynyň alnyp barlyşy barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow hasabat berdi.

Wise-premýeriň bellemegine görä, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem ýerli çig mal serişdelerinden maksadalaýyk we netijeli peýdalanmak boýunça işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda täze önümçilik kärhanalary gurulýar, hereket edýän desgalar bolsa durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak arkaly ösdürilýär.

Bu ugurdaky işler «Balkanabat» ýod zawodynda hem dowam etdirilýär. Kärhananyň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmekde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Wise-premýer täze önümçilik bölüminiň gurluşygy boýunça teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Hasabaty diňlän Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda himiýa senagatyny ösdürmek, ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany teklibi makullap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.