Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler Lebap welaýatyna sapar etdi. Bu onuň ilçi wezipesine girişenden soňra ýurdumyzyň sebitlerine amala aşyran ilkinji sapary boldy. Bu barada Germaniýanyň diplomatik wekilhanasynyň sosial ulgamlardaky resmi sahypalaryna salgylanyp lebap.biz saýty neşiri habar berýär.

Ilçi saparynyň dowamynda Lebap welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy. Şeýle hem Türkmenabat şäherindäki «Weçerniý Turkmenabat» orkestriniň repetisiýasyna gatnaşyp, onuň dirižýory Atageldi Rozyýew bilen söhbetdeş boldy.

Petra Dahtler 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebe hem baryp gördi. «PASCH» — «Mekdepler: geljegiň hyzmatdaşlary» başlangyjyna gatnaşýan bu okuw mekdebinde nemes dilini öwretmäge aýratyn üns berilýär. Ilçi mekdebiň ýolbaşçylary we mugallymlary bilen duşuşyp, okuwçylar bilen pikir alyşdy.

Duşuşykda okuwçylaryň käbiriniň talyp haklary maksatnamalarynyň çäklerinde Germaniýada bilim alandygy bellenildi. Diplomat ýaşlara özüniň hünär ýoly barada gürrüň berdi we olaryň sowallaryna jogap berdi. Ol okuwçylaryň nemes dilini öwrenmäge bolan höwesini we işjeňligini ýokary bahalap, mugallymlara alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Saparyň çäklerinde ilçi Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna hem-de «Täze Zaman» jemgyýetçilik guramasyna baryp, olaryň wekilleri bilen duşuşdy.

Lebap welaýatyndaky saparynyň tamamlanmagyndan soň Petra Dahtler Mary welaýatyna ugrady.