
Katalon klubynyň rowaýaty Ronaldinýonyň ady henizem uly meşhurlyga eýe. «Barselona» özüniň onlaýn dükanynda braziliýaly ýyldyzyň 2005/06-njy ýylky nusga esasynda taýýarlanan retro köýnekçelerini satuwa çykardy we olar bir günden hem az wagtyň içinde doly satylyp gutaryldy. Ýatladyp geçsek, Ronaldinýo hut şol möwsümde «blaugraunanyň» düzüminde Çempionlar ligasynyň kubogyny asmana göteripdi.
Häzirki wagtda «Kamp Nou» stadionyndaky esasy dükanda diňe sanlyja köýnekçe galdy. Şu duşenbe gününden başlap, Ronaldinýonyň 10-njy belgili meşhur lybasyny şäherdäki beýleki resmi klub dükanlaryndan hem tapmak mümkin bolar. Bu ýagdaý futbol taryhyna bolan gyzyklanmanyň we Ronaldinýo bolan söýginiň hiç wagt sönmeýändigini ýene bir gezek subut etdi.
Keywords