Sa­ýa­ra Jumanazarowa, Çär­jew et­ra­byn­da­ky 28-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my: Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de ýaş nes­li giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ösen aň-dü­şün­jeli edip ýe­tiş­dir­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bu ba­bat­da or­ta mek­dep­ler­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler buý­san­dy­ry­jy­dyr. Şeý­le buý­san­dy­ry­jy iş­le­riň ne­ti­je­sin­de ýaş­la­ry­my­zyň dün­ýä­ga­raý­şy has-da ös­ýär. Ýaş nes­liň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bol­ma­gyn­da baş­lan­gyç synp­lar­da oka­dyl­ýan sa­pak­la­ryň mö­hüm äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Çün­ki baş­lan­gyç synp­lar­da bi­lim öw­ren­mä­ge bo­lan il­kin­ji bas­gan­çak­lar ke­ma­la gel­ýär. Şun­dan hem gör­nü­şi ýa­ly, baş­lan­gyç synp­lar­da öw­re­di­len bi­lim­ler okuw­çy­nyň dün­ýä­ga­raý­şy­nyň ös­me­gi­ne berk bin­ýat bo­lup dur­ýar.

Baş­lan­gyç synp okuw­çy­la­ry­ny okat­ma­gyň öz aý­ra­tyn­lyk­la­ry, oka­dy­lyş usul­la­ry bar­dyr. Mä­lim bol­şy ýa­ly, is­len­dik sa­pak­da okuw­çy­nyň ün­sü­ni çek­mek ze­rur bo­lup dur­ýar. Esa­san hem, okuw­çy­nyň oka­ýan sa­pa­gy­na söý­gi we yh­las bi­len çe­me­leş­me­gi­ni ga­zan­ma­ly. Bu, el­bet­de, baş­lan­gyç synp okuw­çy­la­ry ba­bat­da hem şeý­le­dir. Şo­nuň üçin hem, il­ki bi­len, okuw­çy­la­ra ene di­li­miz­de oka­mak we ýaz­mak ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­me­li we bi­lim öw­ren­mä­ge söý­gi dö­ret­me­li. Şeý­le hem sa­pa­gy ýe­ňil­leş­di­rip, okuw­çy­la­ryň her bir te­ma­ny oňat öz­leş­dir­me­gi­ni ga­zan­ma­ly. Sa­pa­ga şeý­le çe­me­leş­mek öz oňat ne­ti­je­si­ni be­rer.

Okuwçylaryň hasaplamak endigini ösdürmek üçin 2-nji synpda guralýan matematika sapagynyň ähmiýeti uludyr. Şunda hasaplamak üçin dürli meseleler, mysallar işledilýär. Esasan hem, multimedia tagtasynda dürli şekiljikler we suratlar ýerleşdirilip, bulary sanaýarys. Ilki bilen, sapagy şeýle şekiljikleri sanamakdan, dogry netije çykarmakdan başlaýarys. Okuwçylar suratlar we şekiller bilen işlemegi halaýarlar. Çünki başlangyç synplarda şekiller we suratlar olaryň ünsüni çekýär, gyzyklanma döredýär. Hut şu nukdaýnazardan, matematika sapaklarynda multimedia tagtasynda slaýdlary, şekilleri taýýarlamak ähmiýetlidir. Bu mugallymyň sapagy gyzykly we täsirli okatmagy üçin peýdalydyr.

Şeýle hem matematika sapagynda dürli mysallaryň işlenilişini, dogry netije çykarylyşyny öwretmek bolar. Okuw kitabynda ýerleşdirilen şu meseläni multimedia tagtasynda dürli şekiller bilen baýlaşdyryp öwredýäris. Meselem:

Kirpi, towşan, aýy üçüsi 47 tegelekjik çekipdirler. Eger-de kirpi 17, towşan 10 tegelekjik çeken bolsa, aýy näçe tegelekjik çekipdir?

Ynha, bu meseläni çözmek üçin ýörite amallary düzýäris. Munuň üçin 47 sandan kirpiniň çeken 17 sanyny aýyrýarys we 30 sany alýarys. 30 sandan hem towşanyň çeken 10 sanyny aýyrýarys. Netijede, 20 san galýar. Diýmek, aýy 20 sany tegelek çekipdir. Muny mysallaryň üsti bilen hem işlemegi öwretmek gerek. Çünki ýatdan hasaplamak hem-de mysallar bilen hasaplamak okuwçynyň aňyny ösdürmekde möhüm bolup durýar. Şunda biz şeýle mysaly düzýäris:

(47 - 17) - 10 = 30 - 10 = 20

Matematika sapagynda dürli meseleleriň çözülmegi we okuwçylarda hasaplamak endiginiň ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi okuwçylaryň aňyny ösdürýär hem-de bilim öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrýar.