Beýik Britaniýada batareýalar arkaly işleýän ýolagçy otlusynyň işe girizilmegi daşky gurşawy zyýanly gazlardan goramakda möhüm ädime öwrüldi. Otly häzirlikçe Londonyň günbatarynda 8 kilometre barabar bolan demir ýol şahasy boýunça hereket edýär. Ol bu aralygy bary-ýogy 12 minudyň dowamynda geçýär. Ýoluň ugrunda duralgalaryň 4-si ýerleşýär. Ulagyň batareýalaryny kuwwatlandyrmak üçin bolsa demir ýol menzilinde ýörite kuwwatlandyryjy beket oturdyldy. Batareýalary doly kuwwatlandyrmak işine bary-ýogy 3-4 minut sarp edilýär.
Batareýaly ýolagçy otlusy
1 min okamak42

Beýik Britaniýada batareýaly ýolagçy otlusy işe girizildi. Londonyň günbatarynda 8 km uzynlykdaky demir ýol boýunça işleýän otly bu aralygy 12 minutda geçýär. Ulagyň 4 duralga bar we batareýalary 3–4 minutda doly kuwwatlanýar.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.