Sa­rym­sak — ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini peseldýär, damarlary arassalaýar, inçekesel taýajyklaryny ýok edýär, işdäni açýar, iýmit siň­diriş fermentleriniň bölünip çykmagyny güýçlendirýär. Düzümindäki kalsiý süňkleriň hem-de dişleriň sagdyn bolmagyny üpjün edýär.

Düýp so­gan — zyýanly bakteriýalary ýok edýär, işdäni açýar, iýmit siň­dirişi gowulandyrýar. Düýp sogan şekere, kalsä we fosfor duzlaryna, kletçatka, organiki turşulara, fermentlere, azotly maddalara baýdyr.

Ke­lem — düzüminde bar bolan A, C we K witaminleri bilen immuniteti güýçlendirmäge ýardam edýär, işdäni açýar, aşgazany, içegeleri dürli kesellerden goraýar we süňkleri berkidýär. Onuň düzümindäki askorbin turşusy limondyr pyrtykalyň­kydan hem köpdür.