Beýik Britaniýada rak keselini bejermekde täze, umyt beriji derman serişdesi bolan «Amiwantamab» (Johnson & Johnson kompaniýasynyň işläp çykaran dermany) synagdan üstünlikli geçdi. Bu derman, adaty bejergilere, ýagny himiýa we immunoterapiýa täsir etmeýän kelle we boýun ragynyň agyr görnüşleri bilen kesellän näsaglar üçin uly üstünlik hasaplanýar.

Synaglara 11 döwletden 102 näsag gatnaşdyryldy. Barlaglara WPC (adam papilloma wirusy) sebäpli ýüze çykan däl, has agyr we bejerilmegi kyn bolan rak görnüşli näsaglar saýlanyp alyndy. Netijeler lukmanlary haýran galdyrdy:

  • Doly we bölekleýin netije: Synaglara gatnaşanlaryň 43-siniň ýagdaýynda oňyn üýtgeşme bolup, çişleriň ululygy kiçeldi ýa-da bütinleý ýitdi.
  • Doly sagalma: 15 näsagda rak çişleri dolulygyna ýok boldy.
  • Bölekleýin sagalma: 28 näsagda bolsa çişleriň ululygy ep-esli derejede kiçeldi.

Lukmanlar ilkinji oňyn netijeleri derman sanjymlary başlanandan birnäçe hepde soňra belläp başladylar.

«Amiwantamab» bejergisiniň birnäçe artykmaçlygy bar:

  1. Üç taraplaýyn täsir: Derman rak öýjükleriniň ösmegini saklaýar, olary bejergä garşy goranyşdan mahrum edýär we bedeniň immun ulgamyna kesel bilen göreşmäge kömek edýär.
  2. Amatly ulanylyş: Derman damardan däl-de, deri astyna sanjym görnüşinde edilýär. Üç hepdede bir gezek edilýän bu sanjym näsaglaryň sagatlarça damar damdyryjylaryň aşagynda ýatmagynyň öňüni alýar.

Hünärmenler bu netijeleri lukmançylykda hakyky «proryw» (öňegidişlik) diýip atlandyrýarlar. Ozallar bejergi kömegi etmeýän näsaglar üçin mümkinçilikler örän çäkli bolan bolsa, indi bu derman müňlerçe adam üçin täze umyt bolup durýar.