Belarus Respublikasynyň «Belavia» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 6-njy noýabryndan başlap halkara gatnawlarynyň uçuş tertibini täzeledi. Täze meýilnama 2027-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli hereket eder.
Täzelenen tertip bilen birlikde, kompaniýa ýolagçylara awiabiletleri ýörite nyrhlardan satyn almak mümkinçiligini hem hödürleýär. «Belavia» awiakompaniýasynyň ähli ugurlary boýunça biletleri Türkmenistanyň çäginde, ýurduň ähli welaýatlaryndaky howa menzilleriniň we awtomenzilleriň kassalaryndan satyn alyp bolýar.
Täze tertibe laýyklykda, Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça göni howa gatnawlary hem dowam etdirilýär. Minsk şäherinden Türkmenbaşy şäherine uçuşlar sişenbe we şenbe günleri, Türkmenbaşydan Minske yzyna uçuşlar bolsa çarşenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylýar.
Uçuş tertibi, ýörite nyrhlar, biletleri bron etmek we satyn almak şertleri barada goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bolýar: +993 (12) 21-04-36, +993 (65) 64-16-61, +993 (12) 39-17-17.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.