Türkmenistan 2030-njy ýylda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçiriljek «EKSPO-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görüp başlady. Ýurt bu iri halkara çäresine gatnaşjakdygyny ilkinji bolup resmi taýdan tassyk eden döwletleriň biri boldy.
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen «Expo 2030 Riyadh» sergisiniň halkara gatnaşyjylar boýunça departamentiniň direktory Muhammed bin Garadyň arasynda geçirilen duşuşykda bu meselä degişli birnäçe ugur ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
Duşuşykda saud tarapynyň wekili Türkmenistanyň sergä gatnaşjakdygyny ilkinji bolup resmi taýdan tassyk eden ýurtlaryň hatarynda durýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem türkmen pawilýonyny döretmek bilen bagly logistika we tehniki meseleler boýunça pikir alşyldy. Halkara taslama döwlet derejesinde gatnaşmak baradaky Ylalaşyga gol çekmek dabarasyny geçirmek barada hem ylalaşyk gazanyldy.
«Üýtgeşmeleriň eýýamy: öňdengörüjilikli geljek üçin bilelikde» atly şygar bilen geçiriljek «EKSPO-2030» sergisiniň 2030-njy ýylyň oktýabryndan 2031-nji ýylyň martyna çenli dowam etmegi meýilleşdirilýär.
Bu halkara sergi Türkmenistanyň öz ykdysady mümkinçiliklerini, maýa goýum üçin amatly şertlerini we innowasion ösüş ugurlaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmagy üçin möhüm meýdança bolar. Türkmen pawilýonynyň çäklerinde «ýaşyl» energetika, sanly logistika, ekologik şäher gurluşygy boýunça gazanylan üstünlikleri, şeýle hem milli medeni mirasy görkezmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan üçin Er-Riýadda geçiriljek sergä gatnaşmak halkara ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we Ýakyn Gündogaryň täze bazarlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.
Bu çäräniň Türkmenistanyň Milan, Astana, Dubaý we Osaka şäherlerinde geçirilen iri halkara sergilere gatnaşmagynyň dowamy bolmagyna garaşylýar. Şeýle halkara meýdançalar ýurduň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyny, durnukly ösüş boýunça dialoga işjeň gatnaşmagyny we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny pugtalandyrmagyny şertlendirýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.