Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Lýummen şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Belgiýanyň Stoeterij Ter Bosschen tohumçylyk athanasynyň eýesi Simona Mihels bilen duşuşdy. Häzirki wagtda bu athanada 17 sany ahalteke aty ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýlelikde, ol Benilýuks ýurtlarynda ahalteke tohumyny ösdürip ýetişdirýän iň iri merkezleriň biri hasaplanýar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlaryň Peelbergen Equestrian Centre toplumynda geçiriljek halkara çäreler barada pikir alyşdylar. Şol günlerde taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň çäginden daşarda ahalteke bedewleriniň gözellik boýunça dünýä çempionaty geçiriler.
Simona Mihels bäsleşige gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, Belgiýanyň adyndan özüniň ahalteke bedewleri bilen bäsleşige gatnaşjakdygyny tassyklady.
Türkmenistanyň milli gymmatlygy hasaplanýan ahalteke bedewleri döwletleriň arasynda medeni we hünär ugry boýunça gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýeleýär. Şeýle hem bu ajaýyp tohum dünýäniň dürli ýurtlaryndaky atçylyk hünärmenlerini we muşdaklaryny birleşdirýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.