Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Wepa Hajiýew BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň binýady hökmünde tebigy serişdeleri dolandyrmak» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynda çykyş etdi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär. 22-nji iýulda geçirilen mejlisde BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekil öz çykyşynda Türkmenistanyň tebigy serişdeleri jogapkärçilikli, adalatly we özara bähbitli esasda dolandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýändigini, olary parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde garaýandygyny belledi. Çykyşda Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasynyň mehanizmlerini pugtalandyrmaga, parahatçylyk we ynanyşmak pelsepesini ilerletmäge, energetika hem-de ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge, suw howpsuzlygyny berkitmäge, daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Şeýle hem bu ugurlaryň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 32 Kararnamasynda öz beýanyny tapandygy bellenildi. Şeýle-de çykyşda soňky geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň ýurduň halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasata üýtgewsiz ygrarlydigyny ýene-de bir gezek tassyklandygy nygtaldy. Çykyşyň ahyrynda Türkmenistanyň 2031 – 2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna hödürlenilmegi bilen baglylykda, ýurduň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek, ynanyşmagy pugtalandyrmak, tebigy serişdeleri jogapkärçilikli dolandyrmak hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly BMG-niň işine mundan beýläk-de işjeň we netijeli goşant goşmaga taýýardygy tassyklanyldy.