Germaniýanyň BMW awtoulag konserni meýletin işden gitmäge razy bolan käbir işgärlerine 650 müň ýewro çenli (takmynan 730 müň amerikan dollary) möçberinde pul tölegini teklip etdi. Bu barada «Handelsblatt» neşiri geleşigiň gizlin nusgasyna salgylanyp habar berýär.

Kompaniýa 2027-nji ýylyň ahyryna çenli takmynan 8 müň iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. Meýletin işden gitmek baradaky teklibe işgärleriň arasynda uly gyzyklanma bildirilendigi bellenilýär.

Geleşigiň şertlerine görä, işgärler 2027-nji ýylyň 31-nji martyna ýa-da 31-nji oktýabryna çenli işden gidip bilerler. Işini has ir tamamlamaga razy bolan işgärlere has amatly şertler hödürlenýär. Tölegiň anyk möçberi her bir işgäriň ýagdaýyna aýratynlykda görä kesgitlenýär.

Işgärlere degişli tölegi bir gezeklik pul görnüşinde almak ýa-da ony pensiýa hasabyna geçirmek mümkinçiligi berilýär. Şeýle hem işgärleriň bir bölegi käbir ýeňilliklerinden peýdalanmagyny dowam etdirip biler. Olaryň hataryna täze we ulanylan BMW awtoulaglaryny arzan bahadan satyn almak mümkinçiligi hem girýär.

Kompaniýanyň bu başlangyjy işgärleriň sanyny meýletin esasda azaltmaga we çykdajylary optimizirlemäge gönükdirilendir.