ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli edarasy — NASA «Artemida» maksatnamasynyň çäklerinde 2028-nji ýylda astronawtlary Aýa gondurmagy meýilleşdirýär. Bu barada «news.by» neşiri habar berýär.
NASA-nyň ýolbaşçysy Jared Aýzekman metbugat maslahatynda amerikaly astronawtlaryň Aýa gaýdyp barmagy üçin zerur taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, edara 2028-nji ýylda bu maksada ýetmek üçin ähli zerur şertleri döretmäge çalyşýar.
«Artemida» maksatnamasynyň çäklerinde taýýarlyk işleri Ilon Maskyň «SpaceX» we Jeff Bezosyň «Blue Origin» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýar. Bu kompaniýalar Aýa astronawtlary eltmek we olary yzyna gaýtarmak üçin zerur tehnologiýalary ösdürmäge gatnaşýarlar.
NASA-nyň meýilnamasyna görä, «Artemida-4» missiýasynyň çäklerinde iki astronawt Aýyň günorta polýusynyň golaýyna gondurylar we ol ýerde takmynan bir hepde ylmy barlaglary geçirerler. Aýyň üstünde uzak möhletleýin iş alyp barmak hem-de geljekde hemişelik baza döretmek bu maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biridir.
Şeýle-de bolsa, 2028-nji ýyl üçin bellenen möhlet meýilnama bolup durýar. Missiýanyň durmuşa geçirilmegi gonuş modullarynyň taýýarlygyna we howpsuzlyk synaglarynyň netijelerine bagly bolar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.