Hindistanyň Reliance Industries konglomeratynyň telekommunikasiýa bölümi bolan Jio Platforms kompaniýasynyň paýnamalary birža çykarylýar. Gymmatly kagyzlaryň ilkinji köpçülikleýin teklibiniň (IPO) möçberi 3,2 milliard dollara barabar bolup, bu Hindistanyň taryhyndaky iň iri başlangyç paýnama ýerleşdirmesi bolar. BBC-niň habar bermegine görä, 21-nji oktýabrda paýnamalara ýazylmak başlanandan birnäçe sagat soň, maýadarlaryň beren sargytlarynyň möçberi teklip edilýän paýnamalaryň sanyndan geçdi.
Aziýanyň iň baý adamy Mukeş Ambanä degişli Jio kompaniýasy 2016-njy ýylda bazara örän arzan nyrhlar bilen çykdy. Netijede, Hindistanda aragatnaşyk operatorlarynyň sany 17-den üçe çenli azaldy. Şol döwürde kompaniýa bäsdeşleri bilen nyrh söweşini alyp barmakda tankyt edilipdi.
Soňky döwürde Elon Mask Mukeş Ambanini «Hindistanyň hakyky hojaýyny» diýip atlandyryp, Jio-nyň Starlink kompaniýasynyň Hindistanyň bazaryna girmegine päsgel bermäge synanyşýandygyny öňe sürdi. Reliance bu aýyplamalary ret edip, bazardaky bäsdeşligi goldaýandygyny mälim etdi.
2026-njy ýyla çenli Jio-nyň abonentleriniň sany takmynan 553 milliona ýetdi. Kompaniýa Hindistanda simsiz giň zolakly internet bazarynyň 50 göterimine, simli internet bazarynyň bolsa 40 göteriminden gowragyna eýelik edýär. Şeýle hem ýurduň mobil internet trafiginiň 60 göterimi Jio ulgamynyň üstünden geçýär.
Bir abonente düşýän maglumat sarp edilişi hem artýar. 2024-nji ýylda bir ulanyjy aýda ortaça 28,7 gigabaýt maglumat sarp eden bolsa, 2026-njy ýylda bu görkeziji 42,3 gigabaýta ýetdi.
Hünärmenleriň pikirine görä, kompaniýanyň birža çykmagy onuň nyrh syýasatyna täsir edip biler. IPO-nyň çäklerinde häzirki eýeler öz paýlaryny takmynan 3 göterim azaltmagy meýilleşdirýärler. KamayaKya Wealth Management kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Niti Şahyň bellemegine görä, bazarda paýy artdyrmak üçin arzan nyrhlardan peýdalanmak döwri kem-kemden tamamlanýar. Sebäbi biržada paýnamalary ýerleşdiren kompaniýa indi azlyk paýdarlarynyň öňünde hem maliýe netijeleri barada hasabat bermeli bolýar.
Motilal Oswal kompaniýasynyň seljermesine görä, Jio-nyň geljekdäki ösüşi bir abonentden alynýan girdejiniň artmagyna bagly bolar. Munuň üçin 5G hyzmatlarynyň giňeldilmegi, nyrhlaryň ýokarlandyrylmagy we simsiz giň zolakly internet hyzmatlarynyň ösdürilmegi esasy ugurlar hökmünde görkezilýär.
Seljerijiler nyrh syýasatynyň üýtgemeginden Jio-nyň bäsdeşleriniň, ilkinji nobatda, Vodafone Idea kompaniýasynyň peýda gazanyp biljekdigini çaklaýarlar. Sebäbi arzan nyrhlar arkaly bäsdeşlere basyş etmegiň gowşamagy beýleki operatorlaryň bazardaky ornuny berkitmegine mümkinçilik döredip biler. Şeýle-de bolsa, nyrhlaryň ýene-de ýokarlanmagy käbir abonentleriň has arzan meýilnamalary hödürleýän operatorlara geçmegine sebäp bolup biler.
Bu ýerleşdiriş Reliance Industries kompaniýasynyň soňky 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda amala aşyrýan ilkinji paýnama teklibidir. Soňky bir ýylda kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy takmynan 20 göterim pese gaçdy. Muňa garamazdan, WealthMills Securities kompaniýasynyň bahalandyrmagyna görä, Reliance soňky 30 ýylyň dowamynda maýadarlaryna ýylda ortaça 30 göterim girdeji getiripdir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.