Boldumsaz etrabynda geljek ýylyň bol hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen güýzlük bugdaý ekişi gyzgalaňly dowam edýär. «Ir eken harman alar» diýen pähimden ugur alýan ýerli ekerançylar däne ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin yhlasly zähmet çekýärler.

Etrap boýunça güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen 10 müň gektar meýdanda ekiş işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygy bellenilýär. Ekerançylar ekişde işleriň hiline aýratyn üns berip, geljek ýylyň hasyly üçin berk binýat döretmäge çalyşýarlar.

Etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlary hem bu möhüm möwsümleýin işe işjeň gatnaşýarlar. Olar özlerine ynanylan ekiji tehnikalary saz we netijeli işledip, her iş gününde ýokary görkezijileri gazanmaga çalyşýarlar.

Ekiş işleriniň agrotehniki talaplara laýyklykda we ýokary hilli geçirilmegi geljek möwsümde bol däne hasylyny ösdürip ýetişdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.