Türkmenistanda geçirilýän «Bagtyýar döwrüň teatr sungaty» atly V Halkara teatr festiwaly dürli ýurtlardan gelen döredijilik toparlarynyň sahna eserleri bilen dowam edýär. Festiwalyň çäklerinde Gazagystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ermenistanyň teatr toparlarynyň çykyşlary tomaşaçylara ýetirilýär.

Festiwalyň nobatdaky gününde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Özbegistanyň Buhara döwlet sazly drama teatrynyň «Melikanyň gözýaşlary» («Dodhoh») atly spektakly görkezildi. Gyrgyz ýazyjysy Sultan Raýewiň «Şazadanyň gözýaşlary» atly dramasynyň esasynda sahnalaşdyrylan eseriň režissýory Laziz Nowruzowdyr.

Spektaklda Merkezi Aziýanyň taryhynda «Alaý hanymy» we «Günortanyň şa zenany» atlary bilen tanalan Kurmanjan Datkanyň durmuşynyň çylşyrymly döwürleri beýan edilýär. XIX asyrda ýaşap geçen bu taryhy şahsyýet Kokand hanlygy we Buhara emirligi tarapyndan general derejesine deň hasaplanan ýokary «datka» derejesine eýe bolan Merkezi Aziýadaky ýeke-täk zenan hökümdar hökmünde taryhda yz galdyrypdyr. Pars dilinden terjime edilende «adalatly» ýa-da «kazy» diýen manyny berýän «dodhoh» derejesi hem onuň taryhy ornunyň ähmiýetini görkezýär.

Baş gahrymanyň keşbini aktrisa Nafisa Saidowa ýerine ýetirdi. Spektaklyň sahna bezegi wakalaryň ruhuna laýyklykda üýtgäp durýan görnüşde taýýarlanylypdyr. Käbir pursatlarda tomaşaçylaryň öňünde geçmesi kyn dag gerişleri, käbirinde bolsa suw giňişligi janlanýar. Guşlaryň şekilleri, haýwan kelleleri we beýleki bezeg serişdeleri şol döwrüň taryhy wakalarynyň täsirli beýan edilmegine hyzmat edýär.

Sahnanyň dürli künjeklerinde ýerleşdirilen üç garry zenanyň zaryn sesleri, şeýle hem ykbal habarçysynyň keşbi spektakla aýratyn syrly öwüşgin berýär. Ol baş gahrymanyň öňünde käte peýda bolup, käte gözden gaýyp bolýar, kähalatda bolsa ony ruhlandyrýar ýa-da howsala salýar.

Eserde gepleşikleriň we monologlaryň köpüsiniň halk döredijiligine ýakyn şygyr görnüşinde ýazylmagy sahna eseriniň çeperçilik täsirini has-da güýçlendirýär. Suratkeş Farhod Hotamowyň döreden sahna bezegi hem aýratyn ünsi çekýär. Käbir sahna pursatlarynda kölege teatrynyň usullarynyň ulanylmagy tomaşaçylarda özboluşly täsir galdyrýar.

«Melikanyň gözýaşlary» spektakly tomaşaçylar we teatr sungatynyň wekilleri tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylanyldy. Çykyş şowhunly el çarpyşmalar we gül desseleri bilen jemlendi. Spektakla Türkmenistanyň halk artisti, belli teatr režissýory Kakajan Aşyrow hem tomaşa etdi. Myhmanlar onuň bilen ýadygärlik surata düşdüler.

Türkmenistanda bäşinji gezek geçirilýän halkara teatr festiwaly dürli ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň özara tejribe alyşmagy, teatr sungatynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşmagy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagy üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.