Lebap welaýatynda türkmen halkynyň milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan keşdeçilik sungatyny giňden wagyz etmek we bu ugurda zehinli zenanlary ýüze çykarmak maksady bilen «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan yglan edilen bäsleşige etrap we şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar.
Türkmenabat şäheriniň Medeniýet öýünde geçirilen döredijilik çäresi milli keşdeçilik sungatynyň baýlygyny we gözelligini açyp görkezýän özboluşly baýramçylyga öwrüldi. Onda ene-mamalarymyzdan miras galan el hünäriniň gadymy däpleri häzirki zaman döredijilik gözlegleri bilen utgaşdyryldy.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylar keşdeçilik üçin zerur serişdeleri we enjamlary saýlamak, taýýarlan işleriniň mazmunyny açyp görkezmek, olaryň çeperçilik aýratynlyklaryny düşündirmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle-de zenanlar öz el işlerini milli lybaslarda tanyşdyryp, olaryň taryhy we çeperçilik ähmiýetini goşgy setirleriniň, rowaýatlaryň hem-de çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler.
Ýeňijiler kesgitlenende işleriň milliligi, çeperçilik derejesi, täzeligi we gatnaşyjylaryň döredijilik çemeleşmesi esasy ölçegler hökmünde kabul edildi. Netijede, Darganata etrabynyň wekilleri birinji orna mynasyp bolup, welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Çärjew we Dänew etraplarynyň wekilleri ikinji orny eýelediler. Türkmenabat şäheriniň, Saýat we Farap etraplarynyň wekilleri bolsa üçünji baýrakly orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bu bäsleşik milli keşdeçilik sungatynyň dowam etdirilmegine, zenanlaryň döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegine hem-de halkymyzyň baý medeni mirasynyň ýaş nesillere ýetirilmegine gönükdirilen ähmiýetli çäre boldy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.