Özbegistanyň Gözellik we syýahatçylyk komitetinde bu kärhanaň başlygynyň orunbasary Suhrobžon Bobokalonowyň Türkiýäniň «Finwest Finance Company» maýa goýum kompaniýasynyň, Ýewraziýanyň ýerli öz-özüni dolandyryş edaralar birleşiginiň hem-de «SD TURKMEN HALY» bilelikdäki kärhanasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň esasy temasy gadymy Buhara şäherinde «Küçük Türkmenistan» («Kiçi Türkmenistan») giň möçberli medeni-syýahatçylyk taslamasyny bilelikde işläp düzmek we tapgyrlaýyn amala aşyrmak boldy. Bu başlangyç türkmen milli senetçiligini, däp bolan halyçylygy, etnografiýany we aşpezlik sungatyny açyp görkezmek üçin ýörite döwrebap giňişligi döretmek hem-de göni maýa goýumlary çekmek arkaly myhmanhana we syýahatçylyk düzümini gurmagy göz öňünde tutýar.
Taslama çuňňur taryhy-ylmy esaslara daýanýar. Ozal Buhara döwlet uniwersitetiniň we «SD TURKMEN HALY» kärhanasynyň arasynda sebitde türkmen halyçylygyny düýpli öwrenmäge hem-de dikeltmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekilipdi. XIX–XX asyrlara degişli we bütin dünýä bazarynda meşhur bolan «buhara halylarynyň» aslynda türkmen köklerine eýedir. Täze toplum we onuň ýanynda dörediljek ylmy-barlag merkezi türkmen halyçylygynyň gadymy däplerini häzirki zaman dizaýny, tehnologiýalary we ylym bilen utgaşdyrmaga niýetlenendir.
Taraplar taslamanyň maliýe-guramaçylyk mehanizmlerini, ony tapgyrlaýyn ulanmaga bermek tertibini we täze iş yerlerini döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň jemleri boýunça gatnaşyjylar Özbegistanyň syýahatçylyk karta täze görnükli ugur bolmaly bu toplumyň tehniki-ykdysady görkezijilerini jikme-jik işläp düzmek üçin hemişelik işleýän işçi toparyny döretmek barada ylalaşdylar.








Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.