Çaganyň kalbyna siňdirilen gowy terbiýe onuň geljekki durmuş ýolunyň berk binýadydyr.
Çagalar maşgalanyň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygydyr. Olaryň bagtyýar çagalyk ýyllaryny üpjün etmek, sagdyn we giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmek möhüm wezipeleriň biridir. Türkmenistanda ýaş nesliň bilimli, edepli, zähmetsöýer we watansöýüji bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Çaganyň terbiýesinde maşgalanyň orny bilen birlikde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän terbiýeçileriň hem paýy uludyr. Sebäbi çaganyň ilkinji bilim we düşünjeleri, özüni alyp barşynyň başlangyç endikleri hut şu döwürde kemala gelýär. Terbiýeçiniň her bir sözi, hereketi we çaga bolan garaýşy onuň dünýägaraýşyna öz täsirini ýetirýär.
Bu jogapkärli işi söýgi we yhlas bilen ýerine ýetirýän hünärmenleriň biri hem Kerki etrabyndaky 24-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Leýli Şirowadyr. Ol «Ýylyň terbiýeçisi — 2026» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolup, öz hünärine bolan yhlasyny we ussatlygyny görkezdi.
Leýli Şirowa üçin terbiýeçilik diňe bir hünär däl, eýsem, körpeleriň kalbyna ýagşylyk, edeplilik, mähir-muhabbet we bilim söýgüsini ornaşdyrmaga gönükdirilen uly jogapkärçilikdir. Ol çagalaryň her biriniň aýratyn häsiýetine, gyzyklanmasyna we ukybyna üns berip, olary döredijilikli pikirlenmäge höweslendirmäge çalyşýar.
Çagalar bilen işlemek sabyrlylygy, uly jogapkärçiligi we çäksiz mähri talap edýär. Terbiýeçiniň hünärine bolan söýgüsi bolsa bu işiň netijeliligini artdyrýan esasy şertleriň biridir. Şeýle hünärmenleriň yhlasy bilen körpeleriň çagalyk dünýäsi has-da röwşenleşýär.
Çaga edebiniň, biliminiň we terbiýesiniň berk bolmagy geljegiň binýadynyň berk tutulmagydyr. Şonuň üçin körpelere berilýän her bir ýagşy görelde, öwüt-ündew we mähirli söz olaryň durmuş ýolunda öçmejek yz galdyrýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.