Sahna sungaty ynsanyň kalbyna täsir edýän, ony oýlandyrýan we ruhy taýdan baýlaşdyrýan gudratly güýçleriň biridir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge, halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda teatr sungatynyň hem mynasyp orny bar. Sahna eserleri arkaly durmuş hakykaty, milli gymmatlyklar, ynsanperwerlik we watansöýüjilik ýaly düşünjeler tomaşaçylara täsirli görnüşde ýetirilýär.
Her ýyl güýz paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň teatrlarynda täze döredijilik möwsümi dabaraly ýagdaýda başlanýar. Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry hem awgust aýynyň soňky günlerinde täze möwsüme badalga bermegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda teatryň döredijilik topary täze möwsüme taýýarlyk işlerini dowam etdirýär.
Sahna ussatlary täze möwsümde tomaşaçylara many-mazmun taýdan baý, çeperçilik derejesi ýokary we halkyň kalbynda orun tapjak sahna eserlerini hödürlemegi maksat edinýärler. Teatr toparynyň taýýarlanan çykyşlary tomaşaçylara ýakymly pursatlary peşgeş bermek bilen birlikde, milli sungatymyzyň baý däplerini dowam etdirer.
Bu ýyl Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry 48-nji döredijilik möwsümine gadam basýar. Ýarym asyra golaý wagt bäri halkymyza hyzmat edip gelýän bu sungat ojagy täze möwsümini «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli taýýarlanan «At — myrat» atly sahna eseri bilen açar.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ilkinji gezek tomaşaçylara hödürlenen bu sahna eseri täze möwsümde hem teatryň muşdaklaryna aýratyn ruhy lezzet berer. Eserde milli buýsanjymyzyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen bedewiniň gözelligi, şöhraty we halkymyzyň durmuşyndaky ähmiýeti çeperçilik serişdeleri arkaly beýan edilýär.
Täze möwsümiň dowamynda teatryň sahnasynda dürli ýyllarda tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan meşhur sahna eserleriniň täzeden görkezilmegi, şeýle hem gyzykly konsert maksatnamalarynyň guralmagy meýilleşdirilýär.
Teatr — diňe bir sahnada görkezilýän oýun däl. Ol aktýoryň sözi, saz, aýdym, tans, bezeg we režissýoryň çeper çözgüdi arkaly tomaşaçyny özboluşly jadyly dünýä alyp gidýän sungatdyr. Şonuň üçin täze teatr möwsüminiň hem Lebap welaýatynyň medeni durmuşyna täze öwüşgin bermegine we sungat muşdaklaryna ýatdan çykmajak täsirleri peşgeş bermegine garaşylýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.