Günorta Koreýanyň paýtagtynda «Koreýa — Merkezi Aziýa» ilkinji sammitiniň öňüsyrasynda sebitiň ýurtlarynyň medeniýetini tanyşdyrýan çäre guraldy.

Günorta Koreýanyň Seul şäherinde «Koreýa — Merkezi Aziýa» ilkinji sammitine taýýarlyk işleriniň çäklerinde «Ýüpek ýolunda duşuşyk» atly medeni çäre geçirildi. Ilkinji sammitiň 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Seulda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Çäre Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Taýýarlyk edarasy tarapyndan Çhonge meýdançasynda guraldy. Onuň esasy maksady Günorta Koreýanyň ilatyny we daşary ýurtly myhmanlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ýagny Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň baý taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Medeni çäräniň dowamynda myhmanlara Merkezi Aziýa halklarynyň milli däp-dessurlary we myhmansöýerlik ýörelgeleri giňden tanyşdyryldy. Gatnaşyjylar milli lybaslary geýip görmäge, ýörite guralan tematiki bäsleşiklere gatnaşmaga hem-de Gündogar çaý içmek däbi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Çärede Merkezi Aziýanyň medeniýetleriniň özboluşly aýratynlyklary bilen bir hatarda, halklaryň arasynda taryhy taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan Ýüpek ýolunyň medeni gatnaşyklary ösdürmekdäki orny hem öňe çykaryldy.

Günorta Koreýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Taýýarlyk edarasynyň ýolbaşçysy Çon Yy He-niň bellemegine görä, Seulda geçiriljek ilkinji «Koreýa — Merkezi Aziýa» sammiti diňe bir döwletara gatnaşyklary ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, ynsanperwer we ýaşlar gatnaşyklaryny giňeltmek babatda hem möhüm tapgyr bolar.

Medeni çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeni mirasyny Günorta Koreýanyň jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmak bilen birlikde, iki sebitiň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi we medeni gatnaşyklary has-da berkitmäge gönükdirildi.